alma___
02.05.2024 18:45
6 bòlum.

Eneleriň perzentlerine
ýamanlygy ýokdyr.
Onsoňam ejem seniň
emleriňden ýaňy ö özüni dürsedi, göwnùne
rahatlyk tapdy. Sen bu ýagdaýda nädip ony taşlap gidip biljek?
Gowusy, sen şu gije ejemiň ýanynda bol-da, onuñ hal-ýagdaýlaryny soraşdyr, derdine em etmegi ýollaryny
salgy ber. Onuň derdiniň bir tarapynyň şu öýe özüne ýürekdeş gelin gerekdigin-ä özümem bilýän.
Gyz utanjyrap, gyzaran ýüzüni aşak goýberdi.
Begmyrat, men haýyş etdim-ä.
Ene aladaly gözlerini Bahara aýlady-da, ogluna ýüzlendi:
- Balam, beýle bolsa, Bahar jany eltip gaýdaý. Onuňam öýlerindäkiler alada edýändirler. Gitseň, gyzym, sag bol, sag-salamat bar. Öýüňizdäkilere-de salam aýt! Hany, gel, gitmänkäň,
maňlaýyňdan bir öpeýin, mährim giden, guzym!
Gyz kellesini emaý bilen aşak egdi.
Mährem ene onuň nurana mańlaýyndan üç ýola öpdi-de, onuň ýańaklaryny mähir bilen sypady.
-Bar, gyzym, bar, gitseň, ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň Hak! Alyn-bagdatyňam acyk bolsun, eziz balam!
Bahar gyz enäniň ýüzüne birsalym seredip oturdy-da, eda bilen ýerinden galdy:
Sag oturyň, daýza, sag-aman gutulyň-da, tizräk aýak üstüne galyň!
-Eje jan, menem derrew gelerin.
Begmyrat bilen Bahar öýden çykdylar-da, ýola düşdüler. Mährem ene
- bolsa ýagşy umytlary göwnünde besläp, ýumşak ýassyga kellesini emaý bilen goýdy.
Yol dymyşlygy esli wagtlap dowam etdi. Ahyry bu dymyşlygy ýigidiň özi bozmaly boldy:
– Bahar!
Gyz burnuna salybrak seslendi:
-Hm-m.
- Meň ejemi nähili gördüň, göwnüňe ýaradvmv?
Mähriban ejeňiz bar eken. Olar ejeleri depämize täç etmeli biz!
Sen onuň saglyk ýagdaýyny barladyň-a, oňa näme bolýa? Men alada edýän. Göwnüme bolmasa, Şu gezek oňa dümewem gatyrak degäýen ýaly.
- Ejeňe üýtgeşik bolan zat ýok,Begmyrat. Dümewem dümew welin,ol bilini biraz gypjyndyrypdyr. Elbetde,
agyrrak bir zatlar göterendir-dä. Ynha,
Şu ýagdan günde ýatmanka, arkasyna çaldyrybersin. Aňyrsy birküç günden
- gutular gider.
Ol şeý diýip, ýantorbasyndan bir
- gutujygy çykaryp, ýigide uzatdy. Yigit tötänlikde gyzyň gutujykly elini
gysymlady. Gyzyň ýüregi birden jigläp gitdi. Ol Begmyradyň ýüzüne bir
sereden ýaly etdi-de, elini howlukmaç çekip aldy. Begmyrat önki ýüzlenişi
ýaly oňa:
- Bahar! - diýdi.
-Hm-m.
Bagyşla welin, seniń mańa garaýsyň nähili?
Gyz sesini çykarmady.
-Bahar!
Gyz ýene sesini çykarmady.
- Bahar, sen meniň gönümelligimi gaty görme. Yöne ejemiňki ýaly, meniňem saňa birden mährim gidipdir.
Gyz ýene sesini çykarmady.
- Hany, bir zat diýd-ä, Bahar! Ýa menden gaty gördüňmi?
Bahar ýüzüni sowubrak ýuwaşja seslendi:
-A, Gòwher näme?
Bahar, men hemme zady boýdan-başa düşündireýin. Göwher...
Gyz onuň sözüni soňlatdyrmady.
Şol ýuwaşja sesini etdi:
- Men siziň diyjek bolýan zatlaryňyza düşünýän, Begmyrat. Men
oňa siziň ulagyňyza münen badyma düşündim. Ýöne...
-Näme «Ýöne»?
Gyz ýene dymdy.
Näme «Yöne»?
Gyz yene dymdy.
Bir zat diýd-ä, Bahar.
Men size näme diýeýin? Begmyrat, siz dogry düşüniň, söýgi diýilyän mukaddeslik eşik çalşaýan ýaly däl-å.
Begmyrat aljyrady.
Men... Men...
-Haýyş edýän, bes edäýiň indi.
- Bahar, men Göwherli meseläni ejeme-de düşündirerin. Ejemiň düşün-
jegini bilýän. Yöne sen düşünseň bolýa.
Gyz sesini çykarmady-da, başyny ýaýkady. Yigit özelendi:
- Düşün, Bahar, düşün. Ejemiň
hatyrasyna maňa dogry düşün. Az salymda ejemiň saňa mähri gidişi ýaly, meniňem saňa mährim gitdi. Men seni söýdüm, Bahar!
Bahar duýdansyz ýaşa dolan gözlerini Begmyrada aýlady:
– Ne beýle çalt-la?!. Onsoňam, men bir zada düşünesim gelýä, beýle-beýle meseleler az salymyň içinde şeýle çalt çòzilýàrmikà.

dowamy bar.
29
102
perijik
3 May 2024
@indi, hmm bolyar dowyna garaşÿas👍🏻😊
alma___
2 May 2024
4000 sòzden kop bolsa goýlanoga
perijik
2 May 2024
tûrk serÿala meñzãp içiñ ÿakÿada kãşge baryny birden ÿazyp bolaÿsa😊😉
perijik
2 May 2024
👍🏻👍🏻
alma___
2 May 2024
Nesip bolsa ertir
ayymsha
2 May 2024
@indi, dowamyny goýaýyñda ynha gyzykly ýerinde gutardy
alma___
2 May 2024
@awgust, dogry
awgust
2 May 2024
Käbir erkek oglanlar söygi meselesinde gysdanmaçlyk edyaler...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.