awadan
02.05.2024 11:39

Nikotine baglylykdan halas edýän derman döredildi
Massaçusets uniwersitetiniň alymlar topary ösümlik birleşmesi bolan sitizinikliniň esasynda nikotine baglylyga garşy döredilen täze derman serişdesini üstünlikli synagdan geçirdiler diýip, gazeta.ru habar berýär.

Synagyň netijeleri «JAMA» žurnalynda çap edildi. Sitiziniklin söwüt agajynyň tohumlarynda saklanýar. Bu çalymtyl-goňur reňkli agaç sütüni, gamçy görnüşli şahalary, ownuk tüýjümek ýapraklary, sümmül şekilli çogdam gunçasynda ownuk açyk sary reňkli gülleri bolan ýapraklary dökülýän gyrymsy agaçdyr. Ösümlik dem alyş ýoluna gyjyndyryjy täsir edýär, hereket işjeňligini artdyrýar, gipertenziw, diuretik we kardiotonik täsir edýär, şeýle hem böwreküsti mäzleriň işine peýdalydyr.
Alymlaryň bellemeklerine görä, sitiziniklin gönüden-göni kelle beýnisindäki nikotine baglylyga jogap berýän reseptorlara täsir edýär. Şonuň esasynda bolsa ony kabul edeniňden soň çilim çekmek islegi ýitýär.
Barlaga 800-e golaý çilimkeş gatnaşdyrylyp, olar 4 topara bölündi. Birinji topar 6 hepdäniň dowamynda plasebo kabul etdi, ikinji topar hakyky dermany, üçünji we dördünji topar bolsa plasebo bilen dermany 12 hepdäniň dowamynda kabul etdi. Toparlara gözegçiligiň umumy möhleti 24 hepdä deň boldy.
Derman serişdesi synaga gatnaşyjylar tarapyndan gowy özleşdirildi, goşmaça täsirler hasaba alynmady. 12 hepdäniň dowamynda sitiziniklini kabul edenleriň 32%-i 9 – 12 hepdeläp çilim çekmekden saklandylar. Şol bir wagtyň özünde 6 hepdeläp dermany kabul edenleriň 25%-i 3 – 6 hepdäniň dowamynda çilim çekmedi.


ABŞ-da arakhorlugy bir gezeklik sanjym bilen bejermegiň usuly tapyldy
ABŞ-ly alymlar arakhorluga garşy sanjymyň döredilendigini habar berdiler diýip, gazeta.ru Britaniýanyň «Nature Medicine» žurnalyna salgylanyp habar berýär.

Ogaýo ştatynyň Uniwersitetiniň Weksner Lukmançylyk merkeziniň we Lukmançylyk kollejiniň işgärleriniň bellemeklerine görä, şeýle sanjym alkogol baglylygyna garşy göreşde uly üstünlik bolar.
Arakhorlukdan ejir çekýän adamlaryň bedeninde şatlyk gormonynyň – dofaminiň ýiti ýetmezçiligi duýulýar. Bu ýetmezçiligiň öwezini dolmak üçin arakhor alkogolyň mukdaryny yzygiderli ýokarlandyrmaga mejbur bolýar. Primatlarda geçirilen barlag olaryň bedenine bu gen dermanynyň bir gezek sanjylmagynyň beýnide dofaminiň derejesiniň uzak wagtlap dikeldilmegine sebäp bolýandygyny görkezdi.
Alymlar bedende şatlyk gormonynyň derejesiniň dikeldilmeginiň spirtli içgileriň kabul edilýän mukdaryny azaltmaga we içgi taşlanandan soň täzeden içip başlamagyň öňüni almaga itergi berjekdigini bellediler.
34
71
PILOT👮‍♂️✈🛩
2 May 2024
mugt bolar cilim bilen arak hic kim almasa😁
mokono
2 May 2024
Indi bu çilim bilen aragy kim almaly?
alma___
2 May 2024
👍👍
olia
2 May 2024
Okuwçy wagtym klasdaşlarym çilim çekmek islegini aýyrýan konfet oýlap tapyp tasmala edipdiler)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.