alma___
02.05.2024 11:34
5 bòlùm.

. Onuň ýarawsyz gòwresine sowuklyk aralaşdy. Yüreginin urgusy güýçlendi, beýnisinde nähilidir
bir yakymsyz güwwüldi peýda boldy.
Gyza elini uzadyp, nämedir birzatlar diýesi geldi. Emma dodaklary diýen
etmedi. Yap-ýaňam gülüp duran ýüzi aşak egilmek bilen boldy.
Özi lukman bolansoň, Bahar gyz endigine eýerip, enäni emaý bilen ýassygyna gyşartdy. Begmyratdan
gyssagly suw getirmegi haýyş etdi.
Özem ýany bilen alyp gelen lukmancylyk enjamlaryny çykaryp, onuň gan
basyşyny barlamaga girişdi. Soñam
gyssagly sanjym etdi. Oňa çenli Begmyradam suw käseli ýetip geldi. Bahar enä suw bilen derman-dāri berdi.
Ine, şundan soň onuň göwresinde
birneme rahatlyk aralaşdy.
Yuwaş-ýuwaşdan özüne gelen ene gapdalynda oturan Begmyrada garap,
mejalsyz elini ýerden göterdi-de, ysgynsyz seslendi:
-Jan guzym, hany, onda Göwher nirede?
–0-my? O, neme. Onuň öýünde biraz aladasy bar eken, eje jan. Bu gezek getirip bilmedim. Ony indikile
getiräýerin-dä. Bagyşla, eje jan.
Ene balkyldap duran gözleri bilen Bahary uzak wagtlap synlap ýatdy:
-0-da şu Bahar gyzym ýaly mähribanmy, balam? Senem kesbi-käriňe guwan, gyzym. Eliň-gözüň dert görmesin. Alyn-bagtyň açyk bolsun!
Birhili, meniňem saňa birden mährim gidäýipdir. Menem bütin ömrüme seniň ýaly Su ojagyń oduny öçurmejek gelniň arzuwynda. Belki, Göwher janam seniń mähribanlygyñ yaly,
mähribanlygy-nuranalygy bilen şu öýi bezesin-dä, Hudaýym!
Ene hamsygarly göründi.
Ol näzik barmaklary bilen özüniň ellerini owkalap oturan Bahardan uzak
wagtlap nazaryny aýryp bilmän ýatdy. Ene mährine zar bolan gyz bolsa bu ýarawsyz enä òzünin butin perzentlik mährini siňdiresi gelýän ýaly, pamyk dek barmaklary bilen onuň ellerini. gollaryny, aýaklaryny ýumşaklyk bilen owkalaýardy, sypalaýardy. Şu hereketleri bilenem öz göwnüne-de
aramlyk, ýüregine-de teselli aralaşdyrýardy. Begmyrat welin bir kalbyna rahatlyk tapan ejesini, birem Baharyň öz måhriban ejesiniň derdini egisyän,.mährine mähir
goşýan deýin, bütin
-mähir-muhabbetini mährem ena siñdirip oturysyny haýran galyjylyk bilen synlap otyrdy. Göwnüne bolmasa-da,
bu mähribanlyk, bu täsin, gudrat ömürboyy dowam edäýjek ýalydy. Ol şony
arzuw edyärdi.
Yagşy niýetli üç ynsanyň arasyndaky bu görnüş, bu
mukaddeslik esli wagtlap dowam etdi.Gepsiz gùrrùñsiz gaýgysyz-aladasyz
dowam eden bu kerem-keramatlylyk
entegem dowam etse ederdi. Yöne
mährem enäniň, nämedir birzatlar ýadyna düşen ýaly, ogluna duýdansyz ýüzlenmegi bu mukaddesligiň arasyny böldi:
- Begmyrat jan, balam, bar, zähmet bilme-de, çaý-naharyň ugruna çyk. Goňşymyzyň gyzjagazam ejesi bilen yaňy ilerki obadaky garyndaşlarynyň toýuna gitdi. Gaýrat et, guzym!
Yigit ýene çalasyn ýerinden galdy.
- Bor, eje, men häzir, derrew.
Enäniň sözlerine Bahar özüne geen ýaly boldy:
Yok, ýok, siz azar edinmäň.
Men öye barmaly. Begmyrat, sizem görmeseňiz.
Onyň bolmaz, gyzym. Baran ýeriňden duz-tagam datman gitmek külli günädir.
-Yok, ýok, daýza, men gaýdayyn. Öýde-de alada edýändirler.
Onsoňam, gyzym, Bahar jan,ýagşy niýetdäki, gowy habarly myhmanlar gijede-girimde bir öýe myhman barsa, halanylýan däldir. Seňem
juda zerur işiň bolmasa, bu gije bärde bolaý.
Gyz ör-gökden geldi:
– Yok, ýok, daýza jan, aýdýanyňyz näme, men gitmesem bolmaz.
Bolmasa, Begmyrat, ýene bir gezek haýyş edýân, meni uly ýola çykaraýyň.
Çaý-naharyň ugruna çykmaga hyýallanyp duran Begmyradam ejesi
bilen deň gopdy:
-Bahar, senem: «Yok, ýok» diýip
durma-da, ejemiň diýeni bilen bolaý.
Eneleriň perzentlerine ýamanlygy ýokdyr.

dowamy bar.
24
88
awgust
2 May 2024
👍
PILOT👮‍♂️✈🛩
2 May 2024
👍👍👍
ayymsha
2 May 2024
Gyzykly dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.