Tayler
01.05.2024 23:04

Tekeler musulman bolup, olarda köp aýallylyk bar, ýöne âhli ýerlerde bolşy ýaly, bu kukukdan diňe baýlar peýdalanýar, sebâbi bir aýal edinmek hem juda gymmat düşýär.

Aýaly onuň kakasyndan satyn almaly bolýar. Öýlenmekçi bolan adam gepleşik geçirmek üçin öz dostlarynyň birini gyzyň kakasynyň ýanyna iberilýär, eger gyzyň kakasy teklibi kabul etmâge razy bolsa, ol gyzyň berilmegi üçin ýigidiň nâçe baha tölemelidigni aýdýar. Öýlenjek adam bahany azaltmaga çalyşýar we ahyrsoňy iki tarap hem ylalaşyga gelýâr. Gelinleriň bahasy dürli-dürli bolýar: 13 ýaşdan 24 ýaşa çenli gyzlar has gymmat bolýar, özi-de şunda gyzyň görki-gelşigide hasaba alynýar; şeýle ýaşdaky gyzlaryň bahasy 2000 grandan 3000 grana çenli bolýar; 13 ýaşa ýetmedik we 24 ýaşdan uly gyzlara, şeýle hem ýaş dul aýallara has arzan nyrh kesilýär we olaryň bahasy 500 grandan 1500 grana barabar bolýar. 30 ýaşyndaky aýal üçin 300 grandan köp berilmeýâr, 40 ýaşyndaky aýal bolsa 1 düýâ berilýär ýa-da mugt alynýar. Baha kesilenden soň haýal etmân toýa başlanylýar; öýlenjek adamyň garyndaşlary, dostlary we tanyş-bilişleri onuň kakasynyň ýa-da onuň hut öz öýünde ýygnanýar, şol ýerde uly oturylşyk guralýar, munuň üçin bir ýa-da birnâçe goýun soýulýar. Şondan soň molla gelýâr, Kurandan gysgajyk dogany okaýar we pylankes bilen pylankesiň nikaşandygny yglan edýär. Şol doga okalandan soň nika baglaşyldy diýip hasap edilýär. Gelni ârine gowşurýarlar we ol ony öz öýüne alyp gidýâr. 11 gûn geçenden soň gelniň garyndaşlary gelýâr we gelni ýene-de atasy öýüne alyp gidýârler, tâ adamsy onuň bahasyny doly töleýânçâ şol ýerde galýar. Gelniň bahasy köplenç böleklâp berilýär we kâte hasaplaşyk birnâçe ýyla çekýâr. Âr bolan adam gelniniň kakasy bilen doly hasaplaşyk geçenden soň gelin oňa gaýtaryp berilýär. Teke adamlaryň gelni bilen 11 gün ýaşandan soň, ol ýa-da başga sebâp zerarly öz tölemeli puluny tölâp bilmeýân halatlary seýrek däl, şeýle ýagdaýda gelniň garyndaşlary onuň talagyny bermäge giýewini mejbur edýär.

Elbetde, nikalaşmak üçin gyzyň razylygyny hiç kim soramaýar, kakasy ony ýöne mal satan ýaly satýar. Aýrylyşmak barada aýdylanda bolsa, munuň üçin hiç hili pâsgelçilik bolmaýar we âhli zat âriň islegine bagly bolýar. Umuman, tekeler diňe öz taýpasyndan bolan gyzlara öýlenýär diýmek bolmaz, olar beýleki taýpalardan bolan aýal-gyzlara hem öýlenýär we hatda olja alnan pars aýal-gyzlary bilen nikalaşýan halatlary hem seýrek dâl.



Tugan W.A. "Ruslar ahaltekede"

28
268
gulia_maksatmyradowna
7 May 2024
@Tayler, ha aý bolýa
Tayler
7 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, öňrââk, bilmedim, post goýup jyrdyy🏃🏃
gulia_maksatmyradowna
7 May 2024
@smiling_, 🤗 bolia
gulia_maksatmyradowna
7 May 2024
@Tayler, ha aý bolýalaý. Oho 😃Gowmy ol haçan jyklap gitdi
Tayler
7 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, diamond jyklap gitdi, ýok diňe şu post barlandy, mundan soň goýup görmedim
gulia_maksatmyradowna
7 May 2024
@Tayler, ýeri😅 şeý diýsene tüweleme ondaha bolýonam ekenaýt😋
gulia_maksatmyradowna
7 May 2024
Näme täzelik 🤔. Inni hemme postlar barlanyp goýulýamyşmy
gulia_maksatmyradowna
7 May 2024
@Tayler, bolia🤸‍♀️) sen gowmy opşi iş güýç başagaý syrap ýörsüňmi ýa senem 😁
gulia_maksatmyradowna
7 May 2024
@smiling_, bolia gowy bolaweri hemiiiişe;)
Tayler
7 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, hâ, gowlyk bolsa bolly, ylgaber🏃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.