alma___
01.05.2024 20:39

4 bòlùm


Olar esli wagtdan obanyn

orta gürpüräginde ýerleşen bir jaýyñ deňinde saklandylar ulagdan

Yigit çalasyn düşdi-de, gyza

ýüzlendi

-Bahar, gel, senem düsàý

Ol şeý diýdi-de, ulagyň yzyndaky

ýany bilen alyp gelen zatlaryny gòterip, howla girip ugrady.

Baharam ýaýdana-ýaýdana, onuň yzyna düsdi.

Emaý bilen açylan gapydan giren iki göwräni tanajak bolup, giň otagyň

bir gyrasynda ýorgan-düşekli ýatan ene başyny ýassykdan galdyrdy

ol dikeldi. - seretdi.

Sag-gurgun işläp ýörmüń, guzym?)

Şükür, eje jan, şükür. Özúń

neneň? Bu, ýorgan-düşekli ýatyrsyń

welin, nåme, dümewläýdiňmi, eje jan?

-Aý, hawa, balam, dümewem bu gezeg-ä gatyrak degäýdi öýdýän. Birki hepde bäri aýrylasy gelenok öz-ä.

-Ýagşy bolaweri, eje jan, ýagsy bolaweri. Dümewdir-dä, aýrylar giderdä. Menem seniň sargan däri-derman-

laryňy getirdim. Kakamam entek işden gelen däldir?

Onuňam-a indi geler wagty bolupdyr, oglum.

Ene birdenem ýene gözlerini süzgekledip, işigiň agzynda ýaýdanyp

duran gyza nazaryny dikdi.

- Balam, Göwher janam getiräydiňmi?

-Hawa, eje.

Bahar ýigidiň bu sözlerine birden tisginip gitdi. Gorkuly gözlerini ginden

tegeläp, onuň ýüzüne dikanlady. Ene

kynlyk bilen ýerinden galmak isledi. Aýaklary diýen

etmedi. Aljyrady. Begmyrat ylgap diyen ýaly, çalt onuň ýanyna bardy-da,

golundan tutdy:

Wah, gyzym, gel-ä bärik, beýdip durma-da. Wah, wah, adyňa döneýin. boýuňdan-syratyňdan aýlanaýyn. Gel, gyzym, gel, su öýe måhrem boljak maňlaýyňdan öpeýin.

Gyzyň gözleri hasam tegelendi.

Bütin süňňi bilen galpyldap ugrady.

Gyssanjyna işigi açyp, çykyp giderli göründi. Ýöne onuňam ebeteýini tapmady. Gyzyň bolup durşuny gören

Begmyrat emaý bilen onuň ýanyna

bardy-da, ýuwaşja seslendi:

- Bahar, sen hiç hili erbetligi göwnüňe getirme. Ejem seni birine

meňzedýär. Bu zatlary häzir ýolda men saňa düşündirerin. Yöne sen

häzir bar-da, görüş, hal-ýagdaýyny

soraşdyr, ýagdaýyň bolsa, däri-derman bilen em et. Bar, Bahar, bar, haýys edýän.

Gyz bütin süňňi blen saňňyldap

durşuna, iki gözünem ýigidiň gözlerinden aýryp bilmän, esli durdy. Soňam

dähedem-dessemläp, enä tarap ugrady. Barybam, emaý bilen aşak oturdy.

Sesi endiräp çykdy:

Salam, daýza!

Ýigidiň ejesi iki eli bilen gyzyň kellesini tutdy-da, maňlaýyndan öpdi.

-«Salam, daýza!» diýen dilleriňe döneýin. Meniň saňa näçe garaşanymy bilýäňmi, gyzym?! Ýüzüňden- gözüňden aýlanaýyn! Begmyrat jan,

gelinlig-ä saýlap bilipsiň. Edim-gylymy, owadanlygy nämä degenok. Wah-

wah, jan balam, Göwher jan!

Daýza gyzgyn elleri bilen gyzyñ sandyraýan ellerini gysymyna gysdy.

Gyz welin elewreýärdi, nãderini bilenokdy. Iki gözünem ýigitden aýranok-

dy. Onuň bu garaýşynda bolsa «Bu nätdigiň boldy, Begmyrat?» diýýän

many bardy. Yarawsyz daýza bolsa

gyzyň ellerini gysymlap oturyşyna,

bütin ümzügini oňa beripdi.

Göwher jan, jan guzym, ýeke balamyň maňlaýyndan direjek köşegim sag

-aman geldiňmi,

Ene iki elini onyñ egninde goýdy:

Göwher jan, jan guzym, yeke

balamyň maňlaýyndan direjek köşegim, saña döneýin! «Ölmänkäm, siziňem toýuňyzy görsem» diýip ýörşüm

meň, Göwher jan.

Gyz mundan artyk cydamady. Ellerini emaý bilen çekip aldy-da, emaý

bilenem biraz yza süýşdi. Owasy yaşly gözlerini ýigide birki ýola naýynjar aýlady-da, endireýän sesi bilen daýza ýüzlendi:

Daýza, men Göwher däl, men Bahar.

Oz begenç duýgulary bilen gümra

ene gyzyň bu sözlerine ünsem bermedi.

- Wah, jan guzym, öz öýüňizde Baharam bolsaň, bu öýde sen biziň

sen hem Baharymyzsyň, hem Göwherimizsiň!

Daýza, siz düşünmediňiz, men siziň diýýẫn Baharyňyz däl, men başga Bahar.

Bir gapdalda: «Neneň, niçik bolarka?» diýip, icini hümledip, ikibaka gezim edýän Begmyrat bir saklanan ýaly

etdi-de, ejesiniň ýüzüne dikanlady:

-Eje, özem lukman. Saña em etmäge geldi.

Enäniň birden yüzi ủýtgedi. Nije wagtlap kalbynda göteren arzuw-hyyallarynyň az salymyň içinde göya

tozgajyk ýaly dargap gitmegi onuň

yüregine, beýnisine garaşsylmadyk

agram saldy. Onuň ýarawsyz gòwresine sowuklyk aralaşdy.


dowamy bar

22
92
awgust
1 May 2024
🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.