alma___
01.05.2024 10:01
3 bòlùm

Senem: «Adym Bahar» diýdiňmi?Gowy adyň bar eken. Onda, näme, Bahar gyz, ýuwaş-ýuwaşdan ýola
düşüberelimi?
Bahar gyz eda bilen başyny atdy.
-Menem yzky oturgyja geçäýeýin. Yolugra erkek kişi gabat gelse,
ümmüldeşmäge yanyňyza mündüräyiň. Aýal maşgala bolsa-da, meniň
yanyma münäýsin. Maňa-da ümmül-
deşmãge biri gerek bolar-a.
Bahar Begmyradyň jogabyna-da garaşman yzky otyrgyja geçdi.
Olar ýola düsensoňlaram, esli aralyga çenli hiç hili gep-gürrüňsiz gitdiler. Ahyry dymyşlygy ýigit bozdy:
- Bahar, sen Tejene keýpine barýaňmy?
-Hawa. Zähmet rugsadyna çykdym-da, oba aýlanyp gaýdaýaýyn diýdim.
-Nirede işleýäň?
«Saglyk öýünde». Lukman.
Yene dymyşlyk başlady. Begmyrat
maşynyň ýüz görülýän aýnasyndan
gyzy käte bir synlaýmasa, gürrüňi nädip dowam etjegini bilenokdy. Yöne
onuň Bahar bilen gürüňdeşligi welin
dowam etdiresi gelýärdi. Begmyradyň kalbynda birdenkä gyza bolan
mâhribanlyk duýgusy oýandy. Gyzyń sadalygy, asyllylygy, owadanlygy
Begmyrady özüne imrindirdi. Gyz bolsa ýigidiň sowallarynyň - Uzak ýoly ortalaberende, Begmyradyň ýüregi hasam gysyp ugrady.
Yarawsyz ejesiniň ýanyna atygsayanyndanmy ýa Göwher gyza bolan
, gaharyndanmy, ýa-da nätanyş gyza bolan duýdansyz duýgusyndanmy, bu wagt onuň ýüreginiň urgusy güýclenip, bütin bedenini elendirip barýardy.
Ol ahyry çydamady. Ulagyny ýoluň bir gyrasynda saklady-da, uzaklara seredip, birsalym oturdy. Soňam el ýüzündäki telefonyny alyp, kimdir birine jaň etdi. Birem däl, birnäçe yola jaň etdi. Emma şol öňki endigi ýaly, oňa
jogap beren bolmady. Ahyry üçünjimidir, dördünjimidir ýola jaňa welin kimdir biri telefony aldy.
-Göwher. Göwher, beýdip dymyp durmasana. Gürläý-dã. Saňa ýene bir
gezek ýalbaryp düşündirýän, meniň ejem..ejem...Aňyrdan gelen guguldy ýigidiň
sesine badak atdy. Ol gaharyna telefony öňki ýerine oklady-da, gaharly
hüňürdedi:
- Men seni, asyl, şu wagta çenli tanaman ekenim-ow. Indi ejeme näme jogap bereýin men?
Bahar ýigide tarap egildi-de, oňa aladaly ýüzlendi:
Näme, ejeňize bir zat boldumy?
Yigit onuň jogabyny ýüzugra berdi:
- Ýok, ejeme däl, maňa boldy.
-Size näme boldy?
Yigit janyýangynly haşlady:
-Sen-ä sorama, menem aýtmaýyn.
–Yaňky jaň edeniňiz kim?
Yigit arkan gaýyşdy-da.
-O... ol indi meň üçin hiç kim..Hawa, hiç kim.
Yigit birdenem çalasyn telefonyny aldy-da, ýene nirädir bir ýerlere jaň etdi:
- Eje, salawmaleýkim! Sag-gurgun oturanmysyňyz? Saglygyńyz
nähili, ýagsy bolusýaňmy? Menem düýnden bäri jaňam edibilmedim.
Menem, ynha, ýola düşdüm. O-my?
Yigit ýüzüni gyza tarap öwürdi.
O-my? Hawa, hawa. Bolýa, sag oturyň! Bolýa, bolýa. Garaşyber, ejejan!
Gyz soragly gözlerini giňden tegeledi:
Men düşünmedim-le.
Aljyraňňylyga düşen ýigit yasama ýylgyrdy.
Aý, neme. Ejem öňem «Uzak
ýola ýeke çykmagyn!> diýip tabşyrýardy. Yaňam «Yeke özüňmi ýa-da
ýanyň adamlymy?» diýip soraýar.
Menem näme diýeýin? Ýüregi az-kem aram tapan gyz ýerinde ykjamlaşdy.
Saglyk bolsun-da hernä! Enedir, alada edýändir. Yöne, görýän welin, siziňem aladaňyz ýetik öýdýän.
Hawa-la, Bahar, alada kemi ýokdur. Aladam ýetik
ýetikdir halys.
Az salymdanam ara dymyşlyk salyp, olar ýene ýola düsdüuler. Şol
àwmezligi bilen barýan ulag bolsa garaňky gatlyşyberende Duşak obasynyň bir çetinden girdi.
- Ine, Bahar sag-aman obamyza-da geldik. Sen beýle gyssanýan yýdälsiň-ä?
- Aý-ý, ýok. A näme?
Gyssanmaýan bolsaň, «Ejemiň
ýanyna sowlup geçäýeli» diýjek bolýan. Onuň sargan däri-dermanlaryny
hemem ýanym bilen alyp gaýdan iýip-içer yaly zatlarymy düşürip geçäýeli.
Oňam gözleri ýoldadyr. Onsoňam,
oba lukmanlaram häli-şindi seredip
durandyrlar welin, seniň özüňem lukman bolsaň, hem-ä onuň hal-ýagdaýlaryny sorarsyñyz

dowamy bar.
26
86
awgust
1 May 2024
👍🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.