YZKY PARTA
awtor: Nobatguly Rejebow ✍️
Ne çüý bilen parta ýazýan adymy:
Ne ýaşlygyn gaýtalaýan Gajaryň.
Ýuwaş mugallymlaň depesine çykyp,
Ne öňki deý getirýärin gaharyn.
Ne burçda durmadan tapýaryn takat,
Ýogsa burç meňkidi,
Diýseň dagaldym.
Saňa akyl geldi diýip her sagat
Indi meni taryp edýär mugallym.
Akyl gelme nire!? Yzky partada
Otyr meniň ulalmagmyň sebäbi.
Çemen ýaly gyzyl-ýaşyl parçada
Otyr meniň özgermegmiň güwäsi.
Düýnki men deý şallaklaşýan oglanlar
Hem-ä gülkünç, Hem olara gyýylýan.
Ertirinden garap olaň bolşuna,
Men garagol düýnüm üçin uýalýan.
Nirde böwrüm byjykladýan betligim
Hem ynjaldýan garagolluk nirede!?
Yzky parta dur durşy deý serhetiň
Şu gün bilen oglanlygym arada.
Yzky parta, yzky ak gyzly parta
Yzymdan bakyp dur şeýle bir ýowuz!
Şikesli deý utanýaryn ýeňsämden,
Yzky parta nämä basýarsyň howum!?
Şeýle golaýjakda duýup bagtymy
Otyryn tagta däl, Geljege garap.
«Saňa akyl geldi» diýýär mugallym,
...A men akyl huşdan düşüpdim yrak!..