alma___
30.04.2024 23:00
2 bòlùm.

..-Salam, daýy!
Yigit gaharly gözlerini tegeläp, doňan ýaly bolup, geplemän, açylan gapa uzak wagtlap seredip durdy-da,
ysgynsyz seslendi:
Göwher.
- Daýy, men Göwher däl, men
Bahar. Özümem gaty gyssagly. Ýagdaýyňyz bolsa, meni, gaýrat ediň-de,
demir ýol menziline eltip gaýdaýyň.
Men gaty gyssanýan, otla ýetişmeli.
Begmyrat ukudan aýňalmadyk
ýaly, esli wagtlap gyzyň ýüzüne seredip oturdy. Birdenem sämäp duran
kellesini iki baka çalasyn ýaýkady-da,
özüne geldi. Giňden açylan gözlerini
owkalaşdyryp, gyzyň ýüzüne çiňňerildi. Diňe şondan soň özüniň Göwher bilen hyýalynda gürleşendigini, onyñ bilen bolan gùrrùñiñ hyýalynda gaýtalandygyny ulagyň gapysyny bolsa Göwheriň däl-de,
başga bir nätanys gyzyň açandygyny bilip galdy.
-Daýy, siz meni äkidýäňizmi?
Akitmejek bolsaňyz, onda başga maşyn tutjak. Düsünýäňizmi, men
gaty gyssanýan. Otludan gijä galyp barýan.
Yigit gapdalyndaky oturgyçda goýan telefonyny calasyn eline aldy-da,
natanyş gyza ýer görkezdi.
Gel, gel, bor, äkidäýerin.
gyz maşyna gyssanmaç mündide, el goşlaryny gujagyna aldy. Sürüji
yigit howlukman ulagyny otlady.
Daýy, gyssagyňyz òzüňiz bilen.Meni çaltrak otla ýetişdireweriň.
Näme, bäri-bärde demir ýol menzili barmy? Yoluň uzaklygy, Begmyrat
sürüjiniň äwmezligi, elbetde, gyzyň gyssanyşyndan rüstem geldi. Bir
agyzam söz alyşman, dymşyp oturan
iki göwräniň gyssagy bilen ýol külterläp barýan ulag demir ýol menziline
golaýlaberende, gyzyň iççekmesine
badyny peseltmeli boldy. Käte-käte goşar sagadyna seredip oturan nätanyş gyz birden içini çekdi:
-Hi-i-ih..
Öňem alasarmyk pikirlerden aýňalyp bilmän oturan ýigit gyzyń iççekmesine tisginip gitdi,
–Năme boldy?
Gyz aglamjyrap, sürüjiniň yüzüne naýynjar garady.
Daýy, otly eýýäm ugrad-a. Men indi näme islesemkäm?
Sürüji ýigit esli wagt sesini çykarman oturdy-da, soňam iki egnini ýygyrdy.
-Bilmedim.
Gyz aglamjyrady:
-O nähili «Bilmedim». Men sizden haýys etdim-ã, daýy.
Öňem ýyidyza ýörān ýaly, bu günki Göwherli wakadan kejebesi daralan
ýigit bu nätanys gyzyň bolup oturysyna hasam aljyrady. Ustesine, bu gyz
onuň gaharynyň üstüne gahar goşan ýaly boldy. Sesi endirāp cykdy:
-A gyz, birinjiden-ā, mnen seň dayyň dảl, men Begmyrat. Ikinjidenem, şular ýaly uzak ýola ugranyda,
öyünizden irräk çykmaly ekeniň,Munça ýoly uçup
geçip bilmerin-ä?!
Gyz ýigidiň sesinden haýykdymy nämemi, aglamjyramasyny
goýdy-da, ýuwaşja seslendi:
Siz meni bagyşlań. Eger kyn görmeseňiz, meni ýanky münen ýerime eltip gaýdaýyň-da. Yogsa-da sàherara gatnaýan awtobuslaryň durýan
ýerine äkidäýiň.
Yigit bu bolýan zatlara akyl ýetirip
- bilmän, başyny ýaýkady. Muňa özüçe düşünen gyz maşyndan düşmek bilen boldy.
-Onda, bagyslaň, Men size näçe tölemeli?
-Hany, otur!
Gyz soragly hemem gorkuly gözlerini ýigide dikdi.
Sen otly bilen nirä
gitmekcidiň?
Tejene.
Begmyrat uludan haşlady:
-Be-e, şeý diýsene.
Gyz gyssanjyna gapjygyndan eline ilen puly iki oturgyjyň
arasyna oklady- da, gyssanmaç ulagdan dùşmek bilen boldy. Yöne
ýigidiñ sesine badyny gowşatdy.
- Hany, puluny ýygna-da, rahat otur. Ugrumyz-a birräk ekeni. Menem
Duşaga barýan. Duşak bilen Tejeniň
arasam beýle uzak ara däl. Eltip gaýdaýaryn.
–Aý, ýok-la, azar edinmäň. Gyssagym ýok, ertir gidäýerin. Sag boluň!
Gyzyň howatyryna düşünen Begmyrat ony köşeşdirdi:
- Yolugra birki sany aýal maşgala bolsa, saňa ýoldaşlyk alybam
geçäýerin.
Gyz ýaýdanjyrady.
-Aý, onda-da.
Ondadasy bolmaz onuň. Menem Duşaga ejemi soramaga baryan.
Yaramajak bolýan» diýip habar edipdir. Adama eneden mähriban ynsan ýok. Ýaramajak bolýan»diýen sòzine i:nim jümşüldäberdi.
«Ene» sözüniň agzalmagyna gyz ýüregi -ýuwaşdan ýumşap ugrady.
Hawa, «ene» Sözüniň özi mähriban. Meń özüm-ä çagalykdan ene
mährine zar boldum. Ejem pahyr ir gitdi. Sizem ejeňizi hökman görüp
gaýdyň. « Yaramok» diýýän bolsa, görgüliň gözi ýoldadyr.
Mährem ene bilen baglanyşykly gürrüňçilige Begmyradyňam aladasy
azalan ýaly, dünýäsi giňän ýaly boldy.
Senem: «Adym Bahar» diýdiňmi? Gowy adyň bar eken.

dowamy bar.
18
87
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.