alma___
30.04.2024 14:36
1 bòlùm.

Şäheriň giň, bezemen köçeleriniň birinden bir ýas ýigit töweregine-de
seretmän, ulagyny emaý bilen sürúp barýardy. Yigidiň ulagynyň tutawajyny
berk gysymlap, sarsman oturyşy ony, näme üçindir, aladaly görkezýärdi.
Onuň ýüz keşbi bolsa kimdir birine gahar edyäne, özüniň öň eden işine ökünýäne çalym edýärdi. Giň köçäniň
ugrunda özüniň ulagy bilen «pyşdyl yörişini edip barşyna, janlary ýanyp,
maşynlaryny batly sesi bilen gygyrdyp geçýän beýleki sürüjilere-de üns
berenokdy. Kellesini sämedip duran soňsuz oý-pikirler ýigidi gitdigiçe
basmarlaýardy. Onuň ulagyň içinde
ýalňyz özüniň käte bir uludan demini
alyp, ýangynly haşlap oturyşy, häzir maşynyny ýoluň gyrasynda saklap,
ondan janyýangynly atylyp çykarly görünýärdi...
Hawa, ahyry ol, dogrudanam,
şeýtdi. Ulagyny ýoluň gyrasynda
emaý bilen saklady-da, uludan demini alyp, manlaýyny maşynyñ rolyna birki ýola hütletdi-de, arkan gaýyşdy. Ulagyň
gapysyny zarp bilen açdy-da, özüniň ýarty göwresini daşyna çykardy. Yone soń pikirini
üýtgeden bolara çemeli,
göwresini yzyna gaýtardy-da, gapyny açyşy ýaly, zarp bilenem ýapdy. Birsalym
oýlanyp oturybam, kisesinden el telefonyny howlukman çykardy. Nirädir bir ýerlere jaň etdi. Yöne oňa jogap
beren bolmady. Soň jaňyny ýene birki ýola gaýtalady. Ahyry aňyrdan
aljyraňňy ses eşidildi.
- Göwher! Göwher! Üf-üf, Göwher!.
Oña ýene jogap beren bolmady.
Eşidýäňmi, Göwher, hany, düşünişeli-le!
Telefondan gelen
guguldy sesi
yigidiń dişini gyjyrdatdy. Ol elindan
elefonyny gahar bilen gapdalyndaky
oturgyja oklady-da,
Özbasyna sanyrdady:
Göwher-r. Göwher-r, saňa nämeler bolup ýör?
-Maňamy?
Yigit tisginip gitdi. Gapdalyndaky
boş oturgyçdan zenan sesi gelen ýaly
boldy. Yigit gözlerini giňden tegelãp.
birsalym oturdy-da, boş oturgyja jogap berdi:
- Hawa, saňa.
- Sen şonam bileňokmy ýada bilmediksirän bolýaňmy?
- Men nämäni bilmeli?
- Maňa diýip oturan zatlaryňy.
näme, gulagyň eşidenokmy?
- Men saňa üýtgeşik zat diýmedim-ä. «Obada ejem bilen kakam ikisi
ýaşaýa, menem olaryň ýeke çagasy.
Okuwymyzy gutaryp, durmuş gursak,
obada, şolaryň ýanynda ýaşamaly bolarys» diýdim men-ả.
-O barada menden maslahat soradyňmy, meniň razyçylygymy
aldyňmy?
- Göwher, seniñ razyçylygyñy
-almaz yaly, men bu gürrüñi saña önräkden båri agzap gelyan-å. Bu barada yagsydan-yamandan belli bir diýmesenem, sen muña garşy bolup
durmarsyn öýtdüm.
-Men razy bolan bolsam
wagta çenli: » diyerdim. Yone
sen maňa düşünmediň. -Asla. seniñ
düşünesiň gelmedi. Şol bir diyeniñi gaýtaladyň ýördün, düşün, men şu boý-syratym
şu görk-görmegim bilen negozel sàherimizi taşlap, senin tozanly obaña
gitmen-ä.
-Göwher, indi bu dowürde tozanly oba ýok bizde. Ahli obalarymyz
şäherler bilen bäs edya.
-Yogsa-da, asyl, şu gùn sen șy gürrüňi has cynyrgadaýan yaly-a
"Ejeme seni görkezjek» diyen bolyp asyl böwregiň böküp dur-la
-Düşün-ä, Göwher, ejem yarawsyz, «Òlmänkäm, siziň toýuňyzy görsem. Olam utanmasyn, getir gelinligiňi, göreýin, synlaýyn, guwana-
ýyn» diýip jaň etdi. Menem: «Bor, eje,
Şu gün baramda, onam eltäýerin»diýdim.
-«Gürüň gutardy» diýdim-ä
men. Men razy däl, razy däl. Yene bir gezek gaýtalaýan, razy däl. Men oba
gelni boljak däl. Ejeňe-de obaly gelin gerek bolsa, goý, ol gelinligini obadan
- gözlesin.
Yigit gaharly azgyryldy:
–«Oba gelni boljak däl!» diýsene.
Bilmändirin. Sen... sen öz owadanlygyňa buýsanýansyň-ow.
Gyz maşynyň gapysyny açyp, düşmek bilen boldy.
Hawa, buýsanýan. Näme,
buýsanmaklyk aýypmy? Ony maňa ýatladanyň üçinem sagja bol. Hoş!
Dolanybam, meni gözleýji, maňa jaň ediji bolaýmagyn, ejemogly.
Ýigit gyzyň yzyndan gygyrdy:
Göwher! Göwher!
Salam, daýy!
Ýigit gaharly gözlerini tegeläp,
doňan ýaly bolup, geplemän, açylan gapa uzak wagtlap seredip durdy-da,
ysgynsyz seslendi:
GÖwher...

dowamy bar
16
118
alma___
30 Aprel 2024
Bişerine garaşýas
flowers_
30 Aprel 2024
Erik bişdimi eýýäm🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.