DÜNYANIN İÑ TÄSİN ÝÄDİGÄRLİKLERİ
Adam kellesiniň yzygiderli üýtgäp durýan görnüşi bolan «Metamorfoz» çüwdürimi Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlotta şäherinde ýerleşýär. Kellesi ýaldyrawyk örtük bilen örtülen heýkel metal plitalardan ýasalandyr. Plastinalaryň hersi dürli tarapa aýlanýar, bu aýlanma hem internet arkaly uzakdan dolandyrylýar. Öwüşginli kelle şekilli heýkeliň agzyndan hemişe suw çüwdürilip çykyp dur.
Taýwanyň Taýbeýindäki «Gippopotamlar». Bu heýkelde kiçijik begomot sürüsi göýä bir daş ýolda «ýüzüp barýan» ýalydyr. Begomotlaryň edil adaty durmuşdaky ölçeginde bürünçden guýulmagy realizme goşant goşýar.
Şweýsariýanyň Wintertur şäherindäki äpet kran tebigatyň kanunlaryna ters gelýän ýaly: diňe bir howada asylan ýaly däl, ondan akýan suw hiç ýerden ýokary çykmaýan ýaly görünýär. Aslynda, kranyň suwunyň akýan ýerinden dar suw turbasy geçip, şol hem suwy ýokary galdyrýar. Soňra ýokary galan şol suw giň, güýçli akymda gaýdýar. Suwuň basyşy sebäpli turba görünmeýär, şonuň üçin kranyň özi howadan asylan ýaly bolup, oňa hiç ýerden suw galmaýan ýaly duýgyny döredýär.
Agyrlyk güýjüne garşy çykýana çalym edýän ýene-de başga bir heýkel — holtumynda deňagramlylygy saklap duran piliň heýkeli. «Piller üçin agyrlyk güýjüniň aýratynlyklary» diýlip atlandyrylýan heýkel Pariždäki Fontenblo galasynda ýerleşýär. Bu heýkel Ýerden 18 müň kilometr uzaklykda agyrlyk güýjüniň şeýle bir pesdigi, hatda ol çäkde piliň öz holtumynyň ujunda başaşak-da aňsatlyk bilen durup biljekdigi baradaky ylmy pikiri alamatlandyrýar. Heýkeliň awtory fransuz suratkeşi — Daniel Friman.
Polisiýanyň we çukurdan çykýan işçiniň gülki äheňli ýadygärligi Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýär. Bu eserde çukurdan çykýan işçi geçip barýan polisiýanyň aýagyndan ýapyşýar, ol bolsa ýykylýan ýaly görkezilýär. Kompozisiýanyň awtory heýkeltaraş Tom Fransen.
Näbelli resmi işgär» ýadygärligi Islandiýanyň paýtagty Reýkýawigiň köçeleriniň birinde guruldy. Onuň aşaky bölegi kostýumly we elinde portfeli bar, ýöne bedeniniň ýokarky bölegi we kellesi adaty doly ýasalmadyk tokga daş görnüşindedir. Magnus Tomassonyň döreden ýadygärligi ähli ýurtlaryň we halklaryň ýolbaşçylaryny alamatlandyrýan äheňde diýlip beýan edilýär.
Awstraliýanyň Sidneý şäherinde «Asmana uzaýan basgançak» bar. Ýalpyldawuk metaldan ýasalan gurluş deňziň kenarynda bolup, bir tarapdan seretseň, asmana eltýän ýaly şekildedir.
Nebraskadaky meşhur Stownhenje öýkünip, amerikaly suratkeş Jim Reýnders «Karhenj» eserini döretdi. Stownhenjiňki ýaly daşlaryň ýerine, munda köne awtoulaglar ulanyldy, ýagny olardan ikisi ýere girizilip, üçünjisi bolsa üstünden goýuldy.