Metropoliten muzeýi: dünýä sungatynyň 5000 ýyldan gowrak taryhy
![]()
Metropoliten sungat muzeýi (The Met) Nýu-Ýork şäherinde ýerleşip, dünýäde iň köp barylýan dördünji sungat muzeýidir. «The Met» 1870-nji ýylda amerikaly telekeçiler we sungaty söýüjiler topary tarapyndan esaslandyryldy. Muzeýiň ösmegine uly goşant goşanlaryň hatarynda ilki bilen magnat we haýyr-sahawatçy Nelson Rokfelleriň adyny bellemek gerek. Sebäbi Rokfeller 1969-njy ýylda 3000 gymmatlykdan ybarat bolan ýygyndysyny bu muzeýiň gaznasyna bagyş etdi.
Nýu-Ýorkuň muzeýinde gadymy döwrüň ýadygärliklerinden 3 milliona golaýy, şolar bilen birlikde özboluşly sungat eserleri, amerikan nakgaşlyk suratlary, gadymy heýkeller, saz gurallary, ýaraglar we ş.m gymmatlyklar bar.
![]()
Metropoliten sungat muzeýi niderland nakgaşlyk sungatynyň iň gowy nakgaş eserleri, şol sanda — Rogier wan der Weýdeniň, Boshuň, Piter Breýgeliň, şeýle-de Bottiçelli, Rafael, Tintoretta, Tisian ýaly Italiýanyň «Galkynyş» döwrüniň iň ajaýyp eserleri bilen has-da meşhurlyga ýetdi.
🔵 Egin eşik instituty.
![]()
Eserleriň näzikligi sebäpli, bu ýerde hemişelik sergi bolmaýar. Şeýle-de bolsa, institut ýylda iki gezek belli bir dizaýnere ýa-da stile bagyşlanan tematik sergileri geçirýär. Egin eşik institutynyň sergilerinde Koko Şanel, Iw Sen Loren, Jianni Wersaçe we beýleki meşhur dizaýnerler barada gürrüň berilýär.
🔵 Ýaraglar we söweş esbaplary.
![]()
Ýygyndynyň ilkinji gymmatlyklary 1881-nji ýylda ýerleşdirilip başlandy. Muzeý 1904-nji ýylda Ýewropanyň we Ýaponiýanyň iki sany uly ýygyndysyny satyn alandan soň, ekspozisiýa bütin dünýäde uly meşhurlyk gazandy.
🔵 Aziýa bölüminiň ýygyndysy.
![]()
35 000-den gowrak sungat eserleri Aziýanyň ähli siwilizasiýalaryndan 4000 ýyllyk sungat taryhyny öz içine alýar. Min dinastiýasyna mahsus bagly kiçijik howly myhmanlaryň ünsüni has-da özüne çekýär.
🔵 Gadymy Gündogaryň sungaty.
![]()
Bu ýygyndynyň 7000-den gowrak eserleri gadymy neolit döwründen başlap, Sasanylar döwletiniň ýykylan ýyllaryna çenli döwri öz içine alýar. Assiriýa şasy Aşur-nasyr-apal II-niň demirgazyk-günbatar köşgüni goran lamassu heýkelleriniň toplumy muzeýiň özboluşly gymmatlygy hasap edilýär.
🔵 Muzeýde täsin we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar:
🔹Dünýäniň 1720-nji ýylda ýasalan iň köne pianinosy
![]()
🔹Kolt markaly sapançalaryň we rewolwerleriň ähli görnüşleriniň toplumy
![]()
🔹Rembrandtyň 23 suratdan ybarat bolan ýer ýüzündäki iň uly eserler ýygyndysy
![]()
🔹Min dinastiýasynyň keramiki küýzeleri
![]()
🔵 Täsin faktlar:
🔹Muzeýdäki ähli sungat eserlerini görüp çykmak üçin oňa bir hepdäniň dowamynda her gün aýlanmaly bolýar.
🔹Metropoliten sungat muzeýinde birnäçe meşhur filmler surata düşürildi "baş keşbi janlandyrdy". Olaryň hatarynda «Tomas Krawnyň aldawy», «Owşeniň sekiz jorasy» ýaly filmler bar.
🔹Her hepde muzeýiň esasy gülçüsi Remko van Wlit 1967-nji ýylda esaslandyrylan Uly zal üçin bäş sany ajaýyp gül bezeglerini taýýarlaýar. Bu bezegler «Reader's Digest» neşirýaty tarapyndan üpjün edilip, onuň ýolbaşçysy myhmanlaryň diňe bir sungat eserlerinden däl-de, eýsem ter güllerden hem lezzet almagyny isleýär.
Muzeýiň «The Metropolitan Museum of Art Bulletin» atly ýylda bir gezek çap edilýän öz neşiri hem bar