alma___
29.04.2024 08:49
Jemleýji bòlùm

Şondan soň men Dürdäne
bilen ep-esli wagtlap gürleşip bilmedim.
Haçan görseň, onuň telefony öçükdi.
Onuň ýagdaýyny bilesim gelip, ýüregim
ot alyp barýardy. Ýöne hic hili habar ýokdy, ümsümlikdi. Men näme edip, näme
goýanymy bilmän, aljyrap ýördüm.
Ertesi agşamlyk uýam Güljan Dursunyň gelip, meniň bilen gyssagly
gürleşmek isleýändigini habar berdi.
Yzyndanam gapymy çalaja kakyp, ol gyz içerik girdi.
Aýyplaşma, Sähet, meni saňa zor bilen berjek bolýarlar. Meniň söýüşýänim bar. Gaýrat et-de,hossarlaryňy
bize iberme!
-Wah, olaryň özleri gidýār, gepimi diňlänoklar. Meniňem söýüşýänim bar
- diýdim.
Onda, biz näme ederkäk?
Şol wagtam uýam Güljan içeri girdi
-Bolşuiyza nebsim
agyryp, kòmek bermek üçin, yörite ýanyňvza
geldim- diýip, ol ynamly gurledi. Men
Dursunyň başga biri bilen söýüsýänini ejeme aýtsam, ol derrew kakama
eşitdirer. Onsoň olar muny bilseler, namys
edip, seni gelin edip törümize gecirmezler! Ine, şeýdip, ikiňiziňem ýoluňvz
açylar -diýip, ol ýuwaşja dillendi. Men
tapylan çykalga begenip, Güljana ýüzdim: «Gaýrat et, jigim!» Ol göwnühoş
razylaşdy.
Aradan üç gün geçensoň, agşam
öz işlerime güýmenip otyrkam ejem ýanyma geldi-de, mylaýymlyk bilen söze başlady:
Sähet jan, oglum, Dursun başga
biri bilen halaşýan ekeni! Bize olar ýaly
gyz gerek dal, ony goýbolsun etdik. Sen
maña söýüşýän gyzyň. suraty bolsa ber
Bir seredip görüp, maslanat edeli diýýàs kakañ bilen.
Ozi nireli?
-Ady Dürdäne, Daşoguz ilinden..
O-how, örän uzak ekeni, kakań ylalaşaýsa, ne yagşy?!
- Eje jan, ýalbarýan, kakamy òzüń razy etsene!
Bolýar, bir synanyşyp göreýin!
Ejem suraty alyp, kakamyň ýanyna gitdi. Pişik basyşyny edip,
. bardym-da, daş işikden olaryň gürrüňini diňledim. Şonda kakamyň:
Haý, zaňňar diýsäni, gyz-a saýlap bilipdir!» diýip, loh-loh gülenini çala
eşidip galdym. Dolanyp, otagyma
baranymam şoldy, penjiräniň öňünde
duran el telefonym çagyryş sazyny
çaldy. Ylgap baryp, ony elime aldym.
Jań edýän Dürdänedi, ol hossarlaryny razy edendigini, tizräk sawçy
ibermelidigini habar berýärdi..

soñy.
18
79
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.