senorita
28.04.2024 19:11

Gabriel Boner Şanel





Dünýä nysakçylygynda öwrülişik etmegi başaran zenan Gabriel Boner Şanel 1883-nji ýylyň 19-njy awgustynda Fransiýanyň Somýure şäherinde dogulýar. Onuň ejesi Eženi Žanna Dewol Şanel haýyr-sahawat hassahanasynda kir ýuwujy bolup işläpdir. Gabriel Žannanyň ikinji çagasydyr. Soňlugy bilen maşgalada jemi alty çaga dünýä inipdir.

Gabriel dogluş hakynda resmi ýagdaýda hasaba alnanda, «Chanel» diýlip ýalňyş ýazgy edilipdir. Gabriel 11 ýaşyndaka ejesi Žanna aradan çykýar. Kakasy iki ogluny oba işlemäge ugradypdyr, gyzlaryny ýetimler we idegsiz gyzjagazlar üçin niýetlenen öýe ýerleşdiripdir. Ol ýerde durmuş ýowuz bolupdyr, tertip-düzgün berk saklanypdyr. Muňa garamazdan, bu ýerdäki ýowuzlyk Şaneliň geljekde uly üstünliklere ýetmegine ýardam edipdir, sebäbi ol ýerdäki terbiýeçi zenanlar gyzjagaza tikin tikmegi, köýnek biçmegi öwredipdirler. Bu bolsa onuň geljekde güýçli modelýer, bezegçi, dizaýner bolup ýetişmegine kömek edipdir. Gabriel 18 ýaşdan soň katolik gyzlaryň Mulen şäherinde ýerleşýän okuw mekdebine geçipdir. Şu ýerden hem onuň üstünlige tarap ilkinji ädimleri başlanypdyr. Sebäbi ol täze gelen ýerinde tikinçi bolup işe durýar, işden boş wagtlary bolsa belli ýyldyzlaryň çykyşlarynyň arasyndaky arakesmede aýdym aýdyp, gazanç edipdir. Şol döwürlerden oňa «Koko» ady galypdyr, sebäbi ol, köplenç, «Kokony kim gördi?» diýen aýdymy ýerine ýetirýär eken. 1906-njy ýylda Şanel kurort şäheri Wişide işe başlaýar. Ol bu ýerde Etýen Balsan (ol şatoruly dokma fabriginiň eýesi, baý maşgalalaryň birinden eken) bilen tanşypdyr.

Balsan Şaneli kem-kemden baý durmuşa öwrenişdiripdir, oňa ýygy-ýygydan göwher, dür daşlaryndan şaý-sepleri, gymmat bahaly lybaslary sowgat beripdir. Şanel Balsan bilen ýaşaşan döwri başgaplary (şlýapalary) öndürip başlapdyr, başda ol muny güýmenje hökmünde, soňra - 1910-njy ýylda bolsa Parižde ýörite resmi taýdan Şanel Modes dükanyny (butik) açypdyr. Şondan soňra onuň döreden işleri şöhrat gazanyp ugrapdyr.



Koko Şanel geýimleri sazlaşdyryp geýmegi ilkinjileriň biri bolup ýola goýan modelýerleriň biridir. Ol ýönekeý, kaşaň, pes ökjeli, üsti inçe ýa-da ýogyn gaýyş bezegli köwüşleri halapdyr. Bu ýönekeýlikde çuň many saklanypdyr. Şaneliň lybaslarynda zenan gözellikleri aýratyn görke eýe bolupdyr.

Koko Şaneliň döredijiligi köpugurly. Onuň döreden ýantorbalary hem özboluşlylygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Içi gyzyl işlikli gara ýantorba barada ol: «Bu ýantorbada açarlar aňsat tapylýar» diýer eken. Ol her döreden önüminiň, ilki bilen, ynsanlara oňaýly bolmagyndan ugur alypdyr. Şeýle-de Koko eginden asylýan hem-de sapyndan tutulýan ýantorbalary hem oýlap tapypdyr. Başda ýantorbalary özüniň halaýan gara reňkinde döredipdir, soňra dürli reňklerde-de toplumlaýyn öndüripdir.



Rus knýazy bilen tanyşmagynyň netijesinde Koko Şanel rus kolleksiýasyny döredipdir. Modelýer fransuzlara samyr derisinden işlikli paltolaryň toplumyny hödürledi. Şanel Fransiýada şeýle paltolaryň önümçiligini ilkinji bolup ýola goýupdyr. Ruslaryň geýýän bili guşalgy giň köýnekleriniň, serpme ýakaly, manžetli köýnekleriniň ýaýramagy hem Koko Şaneliň hyzmaty bilendir.

Şanel hoşboý yslara aýratyn üns beripdir. Ol hoşboý yslaryň önümçiligine-de öz goşandyny goşup, taryha «Şanel № 5» ady bilen giren meşhur atyry döredipdir. «Zenanyň özi ýaly müşk saçýan hoşboý ys» diýip, Koko Şanel bu duhiniň tarypyny ýetiripdir.



Dünýä nysakçylarynyň arasynda ýiti zehini, özboluşly dizaýn-bezeg işleri, hiç kimiňkä meňzemeýän zenan lybaslary, ýantorbalary, köwüşleri, duhileri bilen XX asyrda dünýä nysakçylygy ösüşlerine uly goşant goşan Koko Şaneliň döredip giden brendleri şu günki günlerde-de öz ähmiýetini yitirenok.
27
86
melodie_me
4 May 2024
Guycli zenan👍🏼
soyg
29 Aprel 2024
Biografiýasy gyzykly eken
soyg
29 Aprel 2024
Dùnýàni haýrana goýyan CHANEL💜
senorita
28 Aprel 2024
ATOMIC
28 Aprel 2024
Şanellllll❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.