alma___
28.04.2024 16:43
dowamy


Dürdäne, bu senmi
diýip, men
onuň sesini tanap,
tolgunmakdan
yaňa gyssanyp gepledim
Nähili ýagdaýlaryň? Işe öwrenişyärmiň?
sükür, hemmesi oňatlyk! Sen nähili?
–Gowy, arada birki gezek jaň etsem almadyň?
Hä, men daşaryk çykypdym,
gaýta-gaýta jyrlaberse: «Bu kimkä?»
diýip, ejem alypdyr. Senem oňa hic zat
diýmän goýupsyň. Soňra ejem meni
günüme goýman: «Aýt, kim ol oglan?
diýip, al-petimden aldy. Menem näme:
«Bilemok, ýalňysyp düşendir» diýip,
yalan sözlemäge mejbur boldum. Hoş
onda, soň gepleşeris, men gyssanýan,
jań boldy. Hökman jaň edip, habarlaşyp
dur, men garaşaryn.
Şeýdip, biz Dürdäne bilen mahal-mahal jaň edişip, habarlaşyp, täzelikleri
eşidip, şatlyk-gussalarymyzy paýlaşyp
durýardyk. Onuň her bir sözi gulagyma yakyp, göwnümi gülledýärdi, ýüregime rahatlyk berip köşeşdiryärdi. Yöne,
göwnüme bolmasa, içiňi ýakaýyn diýen
ýaly, günler ýyla dönüp, wagt juda haýal geçýärdi,
Bir gün agşam işden gelenimde, kakamyň çagyrýandygyny aýtdylar.
Barsam, ýanynda ejemem bar ekeni.
Baryp oturanymdan, kakam ýuwaşja
ardynjyrady-da, söze başlady.
- Sähet, oglum, tüweleme, okuwyňy gutaryp, öz ýanymyza işe geldiň.
òrän gowy boldy. Indi biziňem seni öýlendirip, agtyk söýesimiz gelýä. Ge-
linligem tapyp goýduk diýip, «lndi senem aýdyber» diýen terzde ejemiň ýüzüne seretdi.
-Dursun jan oňat gyz, abraýly, gowy ýeriň maşgalasy - diýip, ejem mylaýymlyk bilen söze başlady. – Onsoňam, olar biziň ýakyn garyndaşymyzam
bolýar. Biz eýýäm olara gudaçylyga-da
bardyk. Olar: «Geňeşip göreli, birki günden aýlanaýyň!» diýdiler. Saňa-da duýduraýaly diýdik.
Meniň üstümden gaýnag suw guýlan
, ýaly boldy. Beýle garaşylmadyk ýagdaýa taýýar bolmamsoň, gaty aljyradym.
Dürli oýlar serimde alakjaşyp, ikiýana at
çapýardy. Gyssagly çykalga tapmalydy,
ýogsa ýagdaý bulaşyp, gijä galjagyň ikuçsuzdy.
-Men ol gyzy tanamok. Onsoňam
meniň söýüşýänim bar! diýip, men
aýgytly pursadyň ýetip gelenini duýup.,
gijä galyp barýan ýaly, demim-demime
ýetmän, gyssanyp gürledim.
-N-äm-e?-diýip, kakam gözlerini alardyp, gazaba münüp azgyryldy.
- Gaýdyp, şuny meniň ýanymda aýtmaga miltem etme! Bar, biziň diýenimiz
bilen bol!
Şol pursat goltuk jübimdäki el telefonym çagyrys sazyny çaldy. Men
òz bolýan otagyma baryp, telefony aldym:
-Dinleyän! diýip, men zordan
alasarmyk ýagdaýda gepimi düşündirdim. Aňyrdan Dürdånäniň howsalaly,
agyly sesi eşidilýärdi.
Sähet, eşidýämiň meni! Meni ýakynlarymyzyň birine zor bilen durmuşa
çykarjak bolýarlar. Nä alaç etjegimi bilemok, gepimi diňlemegem islänoklar.
- Näme kömek gerek bolsa aýdyber! diýip, men aljyraňňy gürledim.
Seniň üçin bar zada taýýar!
-Sen olara hiç zat edip bilmersiň!
Yöne men ejem bilen kakamy razy etjek bolaryn.
- Bolýar, sen habarlaşyp dur. Meni hiç kim senden aýra salyp bilmez!
Men gyzyň göwnüniň bölünmeginden heder edip, Öz ýagdaýymy gizlemäge mejbur boldum-da, oňa hiç zat aýtmadym. Şol wagtam ýanyna biri
geläýdi öýdýän, telefonyny öçürip, gepleşigi kesdi. Şondan soň men Dürdäne
bilen ep-esli wagtlap gürleşip bilmedim.
Haçan görseň, onuň telefony öçükdi.

dowamy bar.
24
72
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.