awadan
28.04.2024 10:02

ÝAGŞYLYK ÝAMANLYK BARADA NAKYLLAR İÑLİS DİLİNDE

Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen nakyllarymyzy dünýä halk köpçüligine Iňlis dilinde ýetirmäge dowam edýäris.

1.Dişlejek bolýan it dişini syrtardýan däldir. – A dog that intends to bite does not bear its teeth.
***

2. Edilen ýagşylygy bilmeýän näkesden itiň öňüne taşlanan süňk ýagşy. – A bone thrown at a dog is more of a worthy act than kindness to the wicked.

***

3. Goltukdaky ýylan kelte kesewi ýalydyr. – A person’s evil intention is more dangerous than a snake’s poison.

***

4. Her kim öz pälinden tapar. – A bad one breaks his board.

***

5. It aýaldan akyllyrak, ol eýesine üýürmeýär. – A dog is wiser than a woman; it does not bark at its master. A dog never forgets his master.

***

6.Ne sakgala minnet, ne-de murta hyzmat. – A dog in the manger.

***

7. Nebisleri agyrandan, goý, görübilmezçilik etsinler. – Better be envied than pitied.

***

8. Oňat gylyk adamyň ýüzi. (Adamyň ýüzi onuň ýüreginiň aýnasy). – A good face is a letter of recommendation.

***

9. Ynsanperwerlik ähli zatdan belentdir. – A good heart’s worth gold.

***

10. Ýagşy ýigidiň dosty köp. – A good deed will make a good neighbour.

***

11. Ýagşylyk birinde gaýtarylmasa, birinde gaýtarylar. – A good deed is something one returns.

***

12. Ýagşylyk et-de, derýa at, balyk bilmese, Halyk biler. – A good deed dies when it is spoken about.

***

13. Ýagşylyk, mähermilik dünýädäki ähli gowluklary bilelikde alanyňdan-da oňatdyr. – A good heart is better than all the heads in the world. –

**

14. Ýagşylyk-ýamanlygyň galkany. – A good deed saves a person from action. A good deed is a shield from action.

***

15. Ýagşylyk unudylmaz. (Ýagşylyk ýerde ýatmaz). – A good deed is never lost.

***

16. Ýetim oglanyň agzy aşa ýetende, burny ganar. – Only just an orphan’s life is returning to normal, it goes to pieces.

***

17. Ýüpek donuň içinde ýagşy-ýaman tanatmaz. – A fair face may hide a foul heart (soul). – (ýylmanak ýüzüň astynda gara niýet gizlenmegi mümkin.

***

18.Ýylanyňam daşy ýylmanak bolsa-da, zäheri awy. Ýüpek donuň içinde ýagşy-ýaman tanatmaz. – A fair face may hide a foul heart (soul).

***

19. Zoraýakdan edilen ýagşylykdan minnetdalyga garaşma. – A forced kindness deserves no thanks.
31
88
orhideya_
28 Aprel 2024
Eşegiň eýesini diňe doklugy üçin däl, käte açlygy üçinem depýändigini­de unutmaň
2106
28 Aprel 2024
👍👍
ideallider
28 Aprel 2024
Gönümel terjimeleri dälde, manydaşlary👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.