Öwüt
Seret,
ýaprak saralsa-da,
Gör, keýpi kök asmanyň.
Özüň üçin örän uly,
Zyýany bardyr gussanyň.
Gurama,
solma hiç haçan.
Gaçarsyň ýaprak mysaly,
Her gün şol ýodadan geçen,
Basyp öter, duýmaz haly.
Şemal öwser ikiýandan,
Hersi öz ugruna çekjek.
Pikirlenip ýaňadandan,
Diňe bagta sary gitjek.
Hoşwagtlyk bir pursat däl,
Dowam edip gaýta-gaýta,
Şatlygyňy saklap pespäl,
Gitjek bolsa, yza gaýtar.
Galarsyň öz-özüň bolup,
Tükeniksiz gaýgy-gamda.
Bagtyňy bir gyra goýup,
Bu dünýäde gaýgylanma!
© Medet MEDEDOW