alma___
27.04.2024 21:40
dowamy

Her edip,
hesip edip, Mähri bilen araňyzda näme
bardygyny biljek bolýardym. Sen şon-
dan soň Mähri bilenem, beýleki gyzlar
bilenem ýeke gezegem tirkeşmediň.
Diňe şondan soň, hakykatdanamn, meni
söyyändigiňe göz ýetirdim.
Onda näme üçin şu çaka çenli
ýanyma gelmediň? diýip, men ýene oña synçy nazarymy dikdim.
- Birinjiden-ä, gyzlyk buýsanjym ýol bermedi. Onsoňam bagyşlamarsyn
öýdüp, gorkup gezdim. Bu günem iň
soňky pursatda senden ömürlik aýra
düşüp barýanyma göz ýetirip, ýüregim
howsala düşdi. Derrew seni gözläp
başladym. Hiç ýerden tapyp bilmedim.
Gidensiň öýdüp gorkdum. Hernä, bagtyma heniz gitmän ekeniň! Seniň su ýerdedigiňi ýüregim syzyp, uçup bärik gaýtdym.
Ýeri, indi näme ederis? diýip,
men gyza gussagly nazarymy dikdim.
-Men-ä òz obama gidýän. lndi şeýdip,
ömürlik bir-birekden aýra düşüp gidiber-
meli bolarmykak?!
-Yok diýip, gyz kesgitli gürledi.- Sen eneň-ataňy bize gudaçylyga
iberersiň-ä. Menem hossarlarymy razy
ederin.
Bu sözlerden soň gyzyň gözlerinde
arzuw uçgunlary peýda boldy. Ol:
Sähet, ynan, senden bir pursadam
aýrylyşasym gelenok. Yöne, hernäçe gynansagam, alaç ýok. Men agşamky otluda
ugramaly, petegim bar. Sen arkaýyn bol,
Özüm nirede bolsamam, ýüregim sende
bolar. Ugradarsyň gerek?-diýip, ol ma-
ňa näzli ýylgyryp bakdy.
– Hökman - diýip, men bälçiräp
jogap berdim.
Agşamara men Dürdänäni ugratmaga bardym. Ol maňa sabyrsyzlyk bilen :
garaşyp duran eken. Biz biri-birimizi görüp, biygtyýar ýylgyrdyk. Birsalym özarara
mesawy gürrüň edip durduk. Talyplyk
döwrümizdäki haýsydyr bir gülküli wakalary ýatlap gülüşdik.
Ses gataldyjynyn tizden otlynyň ugrayandygy, ýolagçylaryň öz orunlaryny eýelemelidigi hakyndaky habary biziň
gürrüňimizi böldi. Ýolagçylar gyssanmaç otla münüp, Öz orunlaryny eýeläp başladylar.
Aýgytly pursat ýetip geldi. Biz rowaclyk arzuw edip, biri-birimiziň ellerimizi
berk gysdyk. Gyz meniň habarlaşyp durmalydygymy ýatlatdy-da, hoşlaşyp, otla mündi. Tizden otly ýerinden gozgandy-da, ýuwaş-ýuwaşdan tizligini artdyryp,
ýola düşdi. Soňra kem-kemden kiçelip.
nokatjyga öwrüldi-de, gözden yitdi.
Gussa batyp, otlynyň yzyndan seredip
durşuma, onuň bilen gursagymdan ýüregimem üzülip giden ýaly boldy durdy.
Onüp-ösen obamdaky òz okan mekdebime işe geldim. Meniñ şatlygymyñ
çägi yokdy. Muňa, aýratyn
hem, enem-atam, doganlarym yakyn ýerde gözleriniň alnynda işlejekdigime begendiler. Täze iş ýerime òwrenişmek
maña biraz kynrak düşdi. Köpüsi önki okadyp goýberen mugallymlarym bolsa-da, yüregim talyplyk ýyllaryny, bile okap, dost-doganlaşan oglan-gyzlary
küýseýärdi. Aýratynam, Dürdänäniň
gül keşbi gije-gündiz göz öňümden
aýrylman, biynjalyk edýärdi. Yüregimi otlap, kalbymy lerzana getirýärdi.
-«Häzir onuň ýagdaýlary nähilikä? lş
yerine öwrenişip bildimikä? Meni ýatlaýarmyka?>» diýen oýlar serimi gaplap
alýardy. Häzir durşuna zer çaýylan
- tyllaýy güýz! Oňa aýralyk pasly diyip,
meniň durmuşym üçin aýdylan ýaly. Asmandan Günüň ýagty saçmasy onuň mähirli ýylgyryşyny. yap
raklaryň şemala Şygyrdamasy pynhan
pyşyrdysyny, ýelleriň mylaýym şuwla-
masy näzik aýdymlaryny. ýagyşlaryn
kümüşsöw
damjalary gözýaslaryny yadyma salýardy.
şeýle bir ýüregim gysýardy
Käteler näderimi
bilmän, surat albomymy
wraklap çykýardym.
Birnäçe wagtlap Dürdäne bilen
habarlaşyp bilmedim. Aýralyga uzak
çydam edip bilmän, agşamara ýa-da
irden el telefonyna jaň etsem, aňyrdan
haýsydyr bir aýal sesi eşidildi. Ol ejesi
bolmaga çemeli, bir zat diýerinden cekinip, derrew telefonymy öçürdim. Özi
bolsa jaň edenokdy. Men onuň muňa
gyzlyk buýsanjynyň ýol bermeyänini
aňyp, sebäbine özümçe düşündim.
Ahyrsoňy men ýagdaýdan çykalga
tapdym, iş wagtynda arakesmede jaň
etmegi makul bildim.
Jaň etsem aldy, bagtyma olarda-da
arakesme ekeni.
- Dürdäne, bu senmi? Men - Sänet diýip, men onuň sesini tanap,
tolgunmakdan ýaňa gyssanyp geple-
dim. Nähili ýagdaýlaryň? Işe ówrenişyärmiň?

dowamy bar
18
104
alma___
27 Aprel 2024
Başga surat goýjakdym goýylmady. Şu suraty goýdym welin goýyldy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.