Bagt barada ŷada bagt nämede.
- TV-de bir gepleşikde alyp baryjy, millioner myhmanyna sorag berýär:
- Ömründe seni in bagtly eden bir waka boldumy? Myhman hem:
-Boldy. Ömrüm boýunça diñe bagtyň gözleginde boldum.
1. Yaşlygymdan bäri baýlyga, pula gaty gyzýardym. Baýlyga eýe boldum we bagtyň bu däldigine göz ýetirdim...
2. Gymmat bahaly zatlara gyzýadym. Kän gymmatbahaly sagatlar, ulaglar, uçar aldym we göz ýetirdim bagt bu däl. Çünki wagtyn geçmegi bilen bu gymmatbahaly zatlaryň gyzygy gaçýar.
3. Uly firmalar açdym. Belki indi bagtly bolaryn diýdim. Emma işim ulaldykça dertlerim hem köpeldi, rahatlygym bütinleý elimden gitdi. Seretdim bagt mundada däl eken.
4. Arada bir yakyn dostum menden maýyp çagalar üçin tigirli kalýaska almak üçin sponsor bolmagymy isledi. Menem pikirlenmän razy boldum we gerekli möçberde hasabyna ummasyz pul yatyrdym.
Tigirli kolýaskalary çagalara gowşurmaly güni gelende dostum menden ýörite menin gelip çagalara öz elim bilen gowşurmagymy we olaryň begenjinden menin hem pay almagymy isledi.
- Gitdim. Çagajyklaryň kalýaskalary alanyny we münüp ullanyşlaryndaky begenjini görüp, göz ýaşymy zordan tutdym. Bu ýagdaý meni şeýle bir duygulandyrdy we gaty bagtly etdi...
- Ot ýerden çykmak üçin gapa tarap ýöredim. Bir çagajyk aýagymdan tutdy. Emaý bilen ayyrmana çalyşdym emma çagajyk şeýle bir berk ýapyşýardy we dykgatly ýüzüme seredýärdi...
- Oña: "Menden başga bir islegiñ barmy? " diýdim. Çagajygyň beren jogaby
mende şeýle bir täsirli we galyjy bagtyň adresini goýmuşdy:
-"Yok hic zat islämok. Yüzüñi ýatlap galaýyn, Jennette garşylaşan wagtymyz
seni tanaýyn we Rabbimin huzurynda saña ýene bir gezek sag bolsun aytmak
isleýärin!" diýdi.Siziň pikiriňizce bagt name?