Bir wagt gün - güzeranyny zordan görýän üç kişiden ybarat bir maşgala bar eken. Bir gün öýüñ ýekeje perzendi bolan kiçijek gyzjagazynyñ altyn reñkdäki bahasy gymmatly görünýän kagyzlary oýnap duranyny gören kakasy gaharlanyp gyzjagazyna " Meñ nä günler görüp gazanýan pulumy şular ýaly gereksiz zatlara sowurmaga utanañokmy ?" diýip gyzyny agladyp gygyryp çykyp gidipdir. Ertesi gün bu adamyñ gyzjagazy ýanyna daşy altyn reñkli kagyzly sowgat gutusyny getirip " Kaka men muny señ doglan günüñ üçin taýýarlapdym " diýende kakasy gaty gynanyp, gyzynyñ saçyny ogşap sag bolsun aýdyp ötünç sorapdyr. Soñra sowgadyñ nämedigni biljek bolup gutyny açyp görse, guty boş ! Ýene gazaba münen kakasy "sen näme maña boş guty berip meñ bilen oýun etjek bolỳañmy" diýip ýene-de gygyrypdyr. Gözleri ýaşa dolan gyzjagaz bolsa: " Kakajan ol guty boş däl ahyry, men düýn gijeden dañ atynça gutyñ içini posalam bilen doldurypdyma, içinde señ üçin ýüzlerçe posam bolmaly😢..." diýipdir. Ýagdaýa ahyry düşünen kaka ençeme gez gyzyndan ötünç sorap gyzyny ogşapdyr we şol günden soñ şol altyn reñkli gutyny gije hemişe başujynda goýup ýatypdyr 💛
(Bu kyssa " Şu hortumlu dünyada, Fil yalniz bir hayvandir" atly türk kitapdan alynan. Kitabyñ elektronyny almak isleýänler ün imo: 99363311664 )