alma___
27.04.2024 09:32
dowamy
Bir gezek bile okaýan gyzlarymyń
biri Mähri: «Sähet, haýyş, bile kitaphana baryp geläýeli-le! Ýanymda ýoldaş bolup gidäýsene, gyz halyma yeke gitmäge, birhili, çekinýän-dä» diýip, boýun burup, ýalbaryp duransoň, oňa dözmän
razylaşdym. Kitaphana baryp, Mähriniň
gerekli kitaplaryny aldyk, ýolugra bazara, dükana bardyk. Gaýdyp gelýäkäk,
- yolda tötänden dükandan oduk-buduk
almaga barýan bile okaýan gyzlarymyza
sataşdyk. Olaryň arasynda Dürdäne-de
bardy. Onuň bizi görenden ýüzi-gözi üýtgåp gitdi, gunça dodaklary berk ýumlup.
gyýma gaşlary çytyldy. Beýleki gyzlar
gadyrly salamlaşdylar, ol bolsa ýüzüni
ters öwrüp, torsarylyp geçip gitdi. Men
beýle bolaýar öýtmämsoň, nàme ederimi bilmän aljyradym. Şondan soň
Dürdäne meniň bilen gutarnykly tersleşdi, gatnasygy ùzül-kesil kesdi. Bolan ýagdaýy şunça
dùsündirjek boisamam, ol, barybir, gepimi diňlemegem islemedi. Otagyna baranymda-da ol maňa ala gözlerini
alardyp, gazap bilen bakdy-da: «Seniň
söýgiň ýalan ekeni! Indi bary gutardy. Şu
günden şeýläk meniň adymam tutma,
ýanyma-da gelme!» diýdi.
..Menem-keçjalyň biri, kejrligime tutup, gaýdyp, onuň ýanyna-da barma-
dym, ýeke agyz gepem goşmadym.
Bar zady yatdan cykaryp, gije-gündiz
öňümizdäki döwlet synaglaryna ykjam
taýýarlanýardym. Diñe
ýüregim gysyp,
dünýäm daralan çaglary, mahal-mahal
seýilgähe gidip, şo-ol Dürdäne bilen
oturan oturgyjymyzda oturyp, kalbymda
orun alan, ýüregimden cykmaýan duşuşygy ýatlayardym. Her gezegem şol ajap
pursady aňymda gaýtalap, özümi bagtly
sayýardym. Kätelerem olaryň boş hyýaldygyna akylym çatyp, byygtyýar başymy aşak salyp. gussa çekýārdim.
Bu ýagdaý uzak wagtlap dowam etdl. Menin hiç zat bilen serim yokdy,
otagymdan cykman
kitap okaýardym.
Bir gùn Mahri yanyma geldi.
Sähet, bagyşla meni, seniň şeýle ýagdaýa dùşmegiñe sebåp boldum.
Bolup yörşüñe ýüregim gyýylýar. Yône
alajym ýok. Men oňa telim aýtdym:
Aramyzda hiç zat ýok» diýip. Ynananok,
gayta: «Meni òz gùnüme goýl» diýip,
yüzùmi alýar.
-Måhri, beýdip, kösenip yðrme!
Bu ýerde seniñ jinnek ýalam günàň
ýok. Gynanma, bir alajy bolar. Wagt
adyl kazydyr hemme zady bolşy yaly öz
yerinde goýar. Ana, şondan soň ol bar
zada düşünip galar diyip, men ony köşeşdirdim.
Men döwlet synaglaryny üstünlikli
tabşyrdym. Onüp-ösen dogduk obama-
da işe goýuldym. Goşlarymy ýygnaşdyryp, yola düşmåge taýyarlap goýdym
Haçan-da oba gaýtmakçy bolanymda,nåmedir bir zat aýagyma duşak boldy duruberdi. Birbada nàmàniñ nàmedigine düşünip bilmedim. Ýüregim gürsildàp gursagymy yarara getirýärdi.
Dürdäne bilen duşuşan ýerimize ýöneldim. Men ol ajaýyp ýeri, göyā, ilkinji
gezek görýän ýaly geňirgenip, birin-birin gözden geçirdim. Dürdäne bilen oturan, ýerimizi emaý bilen sypadym. Başymy
aşak salyp, ep-esli wagt oý-pikirleriň
ummanyny boýlap, dünýäni unudyp, gussa batyp oturypdyryn. Birdenem
kimdir biriniň gelip, egnime elini goýanyny duýdum. Tisginip, yzyma seretsem, jadyly düýşdäki ýaly, Dürdäne ýylgyryp
dur. Gözlerime ynanman, huşum başymdan uçup, agzymy òweldip doňup
galypdyryn.
Sähet, bagyşla meni! Ony söýýänsiň öýdüp aldanypdyryn. Gabanjaň-
lyk akylymy alyp, gözümi gapdy. Ynan, men seni ýekeje pursadam yadymdan
- çykarmadym. Gije düýşümde, gündiz
- huşumda bolduň - diýip, ol ýüzüni aşak saldy.
Men başymy aşak salyp oturysyma,
sesimi çykarmadym. Begenjimden welin
bütin durkum bilen galpyldap tolgunýardym, ýùregim gürsüldäp, gursagymy yaraýjak bolýardy. Bolýan wakalara akylym haýran bolup, lal-jim bolup galypdym.
Gyz öňküsi ýaly ýuwaşlyk bilen gapdalyma gelip oturdy. Soňam: «Sen
näme üçin sesiňi cykaraňok? Bir zatlar
aýt ahyry!» diýip pysyrdady.
-Gel, gowusy, geçen günleri ömürlik ýatdan çykaryp, geljegiň söhbedini edeli-le.
Bolýar diýip, gyz begencli ýylgyrdy.
Yogsa-da, aýtsana, sen nâdip meni gözläp tapdyň? - diýip, men oňa
soragly bakdym. –Meniň bu ýerdedigimi nädip bildiň?
- Men seni her gün özüňe bildirmän, pynhan yzarlaýardym. Garama- gara yzyña dùşýàrdim.

dowamy bar.
21
71
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.