awadan
27.04.2024 09:20

DÜNÝÂNİÑ İÑ TÂSİN ÝÄDİGÄRLİKLERİ WE HEÝKELLERİ 🔹1️⃣🔹: adamlar, haýwanlar we zatlar
Ýadygärliklere we gözel ýerlere baryp görmek islendik syýahatçynyň hökmany medeni maksatnamasynyň bir bölegidir. Adatça, ýadygärlikler käbir syýasy ýa-da jemgyýetçilik işgäriniň, ýa bolmasa-da bir taryhy wakanyň hormatyna gurulýar. Ýöne dünýäde şeýle bir täsin, özboluşly, haýran galdyryjy ýadygärlikler bar — olar hem gülkünç, hem geň, hatda ilkinji göreniňde Ýeriň kanunlarynyň çygryndanam çykýan eken diýdirýär.

Bir düwün daňylan rewolwer. Düwün bilen daňylan rewolwer görnüşindäki ýadygärlik Nýu-Ýorkda ýerleşýär. Onuň awtory — şwesiýaly suratkeş Karl Fridrih Reýterword bolup, ýadygärlik Jon Lennonyň ölüminiň hatyrasyna gurlupdyr.

Las Kolinasyň Mustanglary. Tehasyň Irwing şäheriniň meýdançalarynyň birinde adatdaky görnüşinden az-kem uly bolan bürünçden ylgap barýan mustanglaryň birtoparynyň heýkelleri oturdyldy. Heýkeltaraşlyk kompozisiýasy ýabany atlaryň suwdan ylgaýan dinamikasyny ajaýyp şöhlelendirýär. Haýwanlaryň aýaklarynda suwuň syçramagyny alamatlandyrýan ýörite kiçijik çüwdürimler bar.

«Syýahatçylar». Howa garylýan ýaly görünýän, adaty bolmadyk bir topar adamyň şekili Fransiýanyň Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýän Marsel şäherinde oturdyldy. Olaryň awtory — heýkeltaraş Bruno Katalano. Olaryň merkezi bölegi ýok diýen ýaly bolup, ýokarsynyň howada nädip saklanýandygy hem belli däl, ol hamala ählumumy agyrlyk kanunyny inkär edýän ýaly görünýär.

Nelson Mandelanyň GAR-daky ýadygärligi. Bu heýkelde oturdylan 50 sany polat sütün Günorta Afrikanyň meşhur syýasatçysy we ýerli halklaryň hukuklaryny goraýjy, aktiwist Nelson Mandelanyň ýüzüniň keşbini emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde, onuň ýüzüni diňe belli bir burçdan görmek bolýar, başga gyralaryndan seretseňiz welin, ol adaty görnüşdäki «diwar» mysalydyr.

Suwa bökýän çagalar Singapurdaky derýanyň kenaryny bezeýär. Bürünçden ýasalan bäş ýetginjek diri ýaly bolup görünýär — olardan biri çalasynlyk bilen suwa bökýär, ýene biri aýaklaryny oýnadyp kenarda otyr, ýene biri basym suwa çümmek niýeti bilen eşiklerini zyňýar. «Suwa düşüjiler» diýlip atlandyrylýan heýkeliň awtory Çong Fah Çongdyr.
36
131
perijik
29 Aprel 2024
👍👍
soyg
28 Aprel 2024
Tàsin eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.