gulshatayewa97
27.04.2024 06:53
Synlap durun, önüp ösen öýümi,
Gir nähili agyr, aýrylmak ondan.
"Gyzym" diýip her ädimde guwanan,
Ejem jan men neneň giderin senden.

Öwüt berip başym sypan kakamjan,
Men mydama seň söýgiňi gözlärin.
Gorkma kaka, gyzyň hijem ýykylmaz,
Aglasamam gözýaşymy gizlärin.

Bileje ulandyk mähriban jigim,
Sen meň durmuşymda mydam birinji.
Gözläp dursaň, halym sorasaň günde,
Uýaň gözlerinde görmersiň ünji.

Otyrsyňyz gözüňize ýaş aýlap,
Men biçäre nädip gitmeli onsaň.
Iň bolmanda öwütleriňi gysganma,
Dünýämem daralýar, ejemjan dymsaň.

Siz diýdiňiz, men oňladym bu işi,
Aýdan sözüňize çykmadym garşy.
Indi nämä ýüzüňizi asýaňyz,
Bolan ýaly Watançylyk söweşi.

Gidip barýan önüp ösen obamdan,
Soň habaram bolmaz, ýakyn joramdan.
Peýdasam degmezle birek-birege,
Aýda-ýylda, birje gezek soraňdan.

Göwnüňize degen bolsam bagyşlaň,
Hem unutmaň, meniň entek barlygymy
Käbäm ejem her gün ýatlat kakama,
Onuň diňe salamyna zarlygymy!
28
40
gonk
3 Iýun 2024
Gaty gowy malades
gonk
3 Iýun 2024
Gaty gowy malades
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.