alma___
26.04.2024 21:53
Hekaýa
Men ony duşuşyga çagyrmagyň
ebeteýini tapman kän kösendim. Her
gezegem ikicäk galyp, özümi rastlap,
yùrek matlabymy duýdurmakçy bolanymda, içiñi ýakaýyn diýen ýaly, derrew joralarynyň biri tapylyp päsgel berýärdi, kåtelerem aýtmaga bognum ysman, dilim tutulyp galýardy. Käte özümi tijäp,
gürlemäge synananymda, ol ýüzüme ullakan ala gözlerini güldürip bakanynda,
ysgyn-mydarym galman, huşum başymdan uçýardy, näme diýjegimem unudyp aljyraýardym. Muny ýüregi duýup duran gyz içini güldürip, çalaja pyňkyryp goýbererdi. Men bolsa gaharlanyp, Özüme
. ýer tapman, uzak kösenýärdim.
Bir gezek gyzyň özi kyn ýagdaýdan
cykalga tapdy oturyberdi. Ol: «Göwnüme bolmasa, sen köp wagtdan bäri maňa bir zatlar aýtjak bolýan ýaly. Arkaýyn
aýdyber, gulagym sende!» diýdi. Men beýle sözlere garaşmanymsoň, birbada
gaty aljyradym. Näme aýdyp-diýjegimi
bilmän, dilim tutulyp galdy. Ýöne syr bildirmän: «Aý, öňümizdäki dynç güni
bileje şähere aýlanaýaly» diýäýjekdim»
diýip, dilime gelenini aýdyp goýberdim.
Ol bolsa geň galmakdan ýaňa ullakan
ala gözlerini giňden açyp seretdi-de:
-Bar aýtjagyňan şumudy? diýip pysyrdady Men hiç zat diyip bilmän gyzaryp,
aşak bakdym.
Biz dynç güni agsamaralar bileje tirkeşip şähere gezelenje çykdyk. Iiki
merkezde yerleşen uly bazary, sońra
dükanlary aýlandyk. Yzyndanam ýolugra yakyndaky ter saýaly seýilgähe baryp biraz aýak dynjyny alyp geçmegi
ylalaşdyk.
Seýilgähe baryp, çetdäki çolaja ýerdäki oturgyçda ýanaşyk oturdyk. Ara
dymyşlyk düşdi. Ikimizem ýüregimiziň
töründe möwç urup, arşlara dyzaýan gözel arzuw-hyýalarymyzy biri-birimize
aýtmaga ejap edip, öz oý-pikirlerimiz
bilen gümra bolduk. Dymyşlyk, göw-
nüne, şeýle bir uzakdy, hatda ol tutuş
ynsan ömrüne barabardy. Gyzyň utanyp, tolgunyp inçemik göwresiniň çalaja
galpyldaýandygyny bütin durkum bilen
syzdym. Nämeden sòz açjagymy aýgyt
edip bilmän, başymy aşak salyp, uzak
oturdym. Ahyrsoňy birden gyzyň gahar edip, tasanjyrap turup gidäýmeginden
heder edip, ilki dil ýarmagy ýüregime düwdüm.
-Dürdäne, seni köp gezdirip yadadaýdym öýdýän! diýip, ara düşen
juda uzak ýüregedüşgünç dymyslygy bozdum. – Eger beýle bolsa bagys-
laweri!?
Yok-la, gaýta, meniň göwnüm açyldy. Köpden bäri durmuşdan şeýle
lezzet almandym. A, saňa nähili?!
-Ajaýyp– diýip, men göwnüme
gelenini aýdyp goýberdim. – Men bu
pursada köpden bäri garaşyp ýördüm.
–Asyl şeýlemi?! - diýip, gyz maňa
ullakan ala gözlerini güldürip bakdy-da,
soňra utanjyrap, näz edip, aşak bakdy.
Biz biri-birimize ýakyn oturyşymyza,
men ony ägirt uly söýgim bilen eziz-
läsin, apalasym, dünýädäki iň gözel,
süýji sözleri aýdasyrn gelýärdi. Biziň
söýgimiz mawy asmandaky göz gypyşýan ak ýyldyzlar ýaly. gökden ýylgyryp
bakýan altyn Aý deýin gözeldi, päkdi.
Güýz gijesiniň salkyn şemaly: «Siz
tüýs mynasyp jübüt» diýip, ýuwaşjadan bälçiräp, gulagymyza çawuş çakyp geçyärdi. Yürek yşkymyz entek adam aýagy sekmedik, bal miwesinden dadyp görülmedik tasin baglyga çalym edýärdi, heniz görlüp-eşidilmedik
gözel sähra çemenligine meňzeýärdi. Ol
egil tutuş bir syrly dünýädi, örän pynhandy
Garaňky gije bizi òz gujagyna alyp, ýat
gözlerden gizläp saklaýardy...
Biz biri-birimize dünýäde iň süýji sözleri aýdýardyk. Nämedir bir juda möhüm zada ýetişmän, armanly galjak ýaly gyssanýardyk, göyä bu ajaýyp pursat
gaýdyp gaýtalanmajak ýalydy.
Yşk ummanyny boýlap oturyşymyza,
näçe wagtyň geçip, giç bolanynam duý-
mandyrys. Bu pursat biziň üçin tutuş bir
ynsan ömrüne meňzeýärdi, juda uzakdy,
ömür mizemejek bakylykdy.
Biz ýuwaş-ýuwaşdan yşkyň süýji
humaryndan aýňaldyk. Soňam bileje
yoräp, umumyýaşaýys jaýyna tarap
ýola düşdük. Yolda herimiz öz oý-pikir
lerimize gümra bolup gelýàrdik.


dowamy bar.
30
139
fl_ower
26 Aprel 2024
Dowamyny goýaýyň👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.