Karaleva_
26.04.2024 12:17
Saýgarmak kyn boldy pesi belendi.
Yagsylygy bilmez adam köpeldi.
Kimiň kimdigini bilemok indi .
Gadyr bilmez adamlardan yadadym.


İşi bitse saňa gowy diýerler.
Pulyň bolsa seni jandan söyerler.
Peydan yokmy gatnaşygy goýarlar.
İki yüzlü adamlardan yadadym.


Dost diyeniň duşman çykya ortada.
Duşman diýsem dostumdyr ol ertede.
Çaşdy huşum hiç bilmedim erk ede.
Dost sypatly adamlardan yadadym.


Kim gowy kim erbet bilip bolmady .
Meniň bu zatlardan yüzüm gülmedi.
Bu dünýäde kimsa ynam galmady.
Ýalan gepden ýalan sözden yadadym .
51
71
fl_ower
26 Aprel 2024
👍
myrataly_
26 Aprel 2024
Yadadym yadadym yadamadan yadadym
Tayler
26 Aprel 2024
Sps👍
sabyrly
26 Aprel 2024
Minnetdar hökman däldi men özi iş köpräk bolup köplenç postlaryñ baryny jemläp okap çykýan bolmanda 2 günüñki jemlenip galýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.