gavi
25.04.2024 18:33
(2-nji bolum)

ol seni daşary ýurda gitmediňw kömek etjek diýdi asyl özi şeýle daşary ýurda okuwçy tapyp ugratýady şol işde işleýä soň men bir bada gorkdum pul nirden tapmaly men baramsoň näme etmeli belki meni aldap satjak bolýandyr diýip soň bärdäki durmuşyma goz aýladym dowzahda ýaşan ýaly aý mundan beter hiç zat bolmaz diýip razy boldym we indiki plan pul tapmalydy ejemiň tyllalary köpdi kakamyň gymmat bahaly zatlary hem bardy men ejem bilmän durka bir tyllasyny alyp ol adama berdim ejem bolsa o tyllasyny biledi hem sebäbi tyllalary köp bolanson üns berenok soň pasport zatlamy alyp berdim ol adam hem meniň zatlamy düzedip başlady okuwy gutardym ýene pul gerek boldy ýene ejemiň tyllasyny alyp berdim bu sapar ejem biljek boldy ýöne kafeda gaçyrandyrn diýip ýene üns bermedi soň ähli zat taýýar boldy awgust aýyň başlarna Moskwa şäherine blet alyndy we şo günlerim ýetip geldi meniň uçmaly günüme 2 gün galdy gaty tolgunýadym we şol gün ýetende irden turdum hemişeki ýaly ejem bn kamam ýok ejem tyllarny sef ýaly gulply zatda saklaýa öňler açaryny tapyp alýadym bu sapar açaryny tapmadym we gaty zat bilen düwüp ejemiň tyllarny aldym ýarsyny diýen ýaly adymda öýden çykyp gitdim ol adam bilen airyporda bardyk ol ýerden aşgabatdaky airyporda geldik ondan soňam Moskwada şäherini uçuryp goýberdi birinji gezek münşim bolansoň gaty bir bada gorkdum we ol ýerä baramsoň onuň adamlary maňa eýe çykdy okuw jaýymy görkezdiler bolmaly ýerimi aý şeýdip okap başladym ejem tyllary ýok bolanson meni näçe gözläpdir soň 2 gün ýaly geçensoň ejeme jaň etdim we gaýdandygymy aýtdym ejem ilki gaty sökdi agzyna gelenini aýtdy hatda ölmegimi diledi men üns hem bermedim we täze durmuşa başladym okap özüme seredip täze iş tapdym ol ýerde işläp iýjek içjegimi tapdym we hz gelenime 1 ýarym ýyl bolýa hemme zat gowy allam hatda ýürekdeşimi hem tapdym men gaty bagtly şeýle erbet günlerim bolana meňzänok ýöne çeken ijirlerim gaty ýüregimi agyrtýa hatda şu wagtym ýürek agrym bar ýaşlykdan bäri sähel gynansam ýa agyr iş etsem çep tarapym sançýa ýöne nesip olam gowlaşyp gider allam ol dowzah günleri depämden alyp taşlady

The and
21
160
sbay
26 Aprel 2024
Altynlar?
perijik
25 Aprel 2024
Bolaÿypdyr soñunda bagtyny rahatlygyny tapan bolsa ,uzagyndan bolsun.👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.