💫Umudum
25.04.2024 02:55
Ynsanyñ kysmaty

Adam dünÿä injek çagy Eneden,
Ÿüzbe-ÿüz bolarmyş kysmaty bilen.
Şatlygy,gussasy,derdi,dermany,
Aÿ garaz ömrüniñ kyssasy bilen.

Şonda synlap dünÿäñ agyr synagyn,
Ÿüz öwürÿän janam tapylÿarmyşyn.
Şeÿdip kimler Ene garnynda çagy,
Ömrüniñ kitaby ÿapylÿarmyşyn.

Kimler bolsa,inip synlap dünÿäni,
Tegmili degmänkä ÿogalÿarmyşyn.
Şoñ üçin Jennete päsgelsiz girÿän,
Günäsiz,tegmilsiz çagalarmyşyn.

Bilmenem niçiksi ÿollar geçdik biz,
Belki egridiris,belki düzdüris.
Ÿöne şol gün Allañ ähli täleÿne,
Razy bolup dünÿä inen bizdiris.
23
55
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.