Paradise
24.04.2024 23:17
Men seni hemişe öwüp ýörmäýin.
Senem indi artyk begenip ýörme,
Saña tebigylyk gowy gelişýär,
Bezenip ýörme.

Başarsañ-a gowsy näziñem azalt,
Meni senden gowy tanaýanam ýok,
Durmuşy herýana çekeläp ýörler,
Ýukajyk göwnüñe garaýanam ýok.

Dar gursagñy dowul gurşap almasyn,
Güman etme, ynanmagyñ ýeterlik,
Arzuwyñda men dünýäni unutdym,
Öñ mundanam beterdim.

Gün gizlenip tümlük höküm sürende,
Gözýaşyñy kirpikleñden gizleme,
Küýsegiñde gezip ýörün henizem,
Meni daşdan gözleme.

Hyýallam hor çekýär, umydym üzük,
Öñkiler ýaly,
Asmanyñ aýyna guwanamogam,
Seniñ geljegiñe ynanýan, ýöne,
Ynanamogam...

Baýram Bejidow
27
74
krejepow
27 Aprel 2024
Arma
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.