Petruşkadaky süýüm iýmit siňdiriş ulgamynyň hereketini ýokarlandyrýar. Süňkleri berkitmek, gözüň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak üçin bu önümiň peýdasy uludyr.
Petruşka, esasan, K witaminine baý bolup, ol süňkleri berkitmäge, onuň mineral dykyzlygyny ýokarlandyrmaga kömek edýär. Onda süňkleriň berk bolmagyna ýardam edýän kalsiý, ergosterol we C witamini bar.Bu ösümligiň düzümindäki üç karotinoid — lýutein, beta-karotin we zeaksantin — gözüň görejini we sagdynlygyny saklamaga kömek edýär.Onda flawonoidleriň bolmagy ýürek-damar ulgamynyň güýçlenmegini üpjün edýär. Petruşkadaky peýdaly maddalar gan basyşyny we holesteriniň derejesini peseldýär, gan damarlarynyň diwarlaryny berkidýär.
Şeýle hem petruşkanyň antibakterial häsiýetleri bar. Ol peşewiň kadaly çykmagyna, kalsiniň bölünip çykmagyny azaltmaga we böwrek daşlaryny owratmaga ýardam edýär.
Gipertoniýa, gipotireoz, göwreliligiň başlangyç döwürlerinde, bagyr, böwrek keselleriniň dermanlary kabul edilende bu ösümligi az mukdarda iýmek maslahat berilýär