lavinya_
24.04.2024 11:26
30.Eger-de men uly şäherde ýaşan bolsadym...
31.Eger-de men ýap-ýaňy başlan bolsadym...
32.Eger-de men erkin bolan bolsadym...
33.Eger-de mende özgelere mahsus häsiýetler bolan bolsady...
34.Eger-de men beýle semiz bolmadyk bolsadym...
35.Eger-de meniň ukyp-başarnyklarym mälim bolan bolsady...
36.Eger-de meniňki şowuna bolan bolsady...
37.Eger-de men bergi-borçlarymy üzlüşip bilen bolsadym...
38.Eger-de şol şowsuzlyk bolmadyk bolsady...
39.Eger-de men nädip etmelidigini bilen bolsadym...
40.Eger-de hiç kim maňa päsgel bermedik bolsady...
41.Eger-de meni munça howsala gurşap almadyk bolsady...
42.Eger-de meniň öýlenmegim şowly bolan bolsady...
43.Eger-de adamlar beýle akmak bolmasalardy...
44.Eger-de meniň maşgalam bu derejede adatdan daşary bolmadyk
bolsady...
45.Eger-de meniň özüme ynamym bolan bolsady...
46.Eger-de bagt menden ýüzüni öwürmesedi...
47.Eger-de men bisähet ýyldyz astynda dogulmadyk bolsadym...
48.Eger-de hemme zat «ýazgyda bagly bolan» şu durmuş bolmadyk
bolsady...
49.Eger-de maňa beýle köp işlemek zerur bolmasady...
50.Eger-de men pulumy ýitirmedik bolsadym...
51.Eger-de men başga bir etrapda ýaşan bolsadym...
52.Eger-de meniň «geçmişim» bolmadyk bolsady...
53.Eger-de meniň öz işim bolan bolsady...
54.Eger-de beýlekiler maňa gulak asan bolsalardy...
55.Eger-de — bu bahanalaryň iň esasysydyr — eger-de mende özümi hakyky bolşum ýaly görer derejede dogumlylyk bolan bolsady, men özümiň kemçilikli taraplaryma akyl ýetirerdim we ony düzederdim.
Şonda meniň öz ýalňyşlyklarymdan sapak almaga we özümde nähilidir bir ýetmez taraplaryň bardygyny bilip, özgeleriň tejribesinden peýdaly zatlary özleşdirmäge mümkinçiligim bolardy. Eger-de men özüme anyk nämäniň ýetmezçilik edýänligini bilen bolsadym, onda men wagtymyň agramly bölegini bahana agtarmaga däl-de, özümiň gowşak taraplarymy seljermäge sarp ederdim.

Şahsy şowsuzlyklarymyza düşündiriş gözlemeklik — biziň milli güýmenjämiz.
Bu endik hem edil adamzadyň özi mysaly gadymydyr, şeýle-de ol üstünlik üçin ölüm howpludyr.
Näme sebäpli adamlar özleriniň söýgüli bahanalaryna çyr-çytyr ýapyşýarkalar?
Jogap aýdyň.
Öz bahanalaryny özleri döredýändikleri üçin olar ony el-aýak bolup goraýarlar!
Bahana — hyýalyň perzendi.
Öz paýhasynyň döreden zadyny penalamak bolsa ynsanyň tebigatynda bar.
Bahana agtarmak — çuňňur kök uran endik.
Endiklerden ýüz öwüräýmek ýeňil däl, aýratynam, eger olar biziň edýän zadymyzy tasa getirýän bolsa, aklaýan bolsa, şeýledir. Platon adalatly aýdypdyr: «Ilkinji hem iň esasy ýeňiş — öz-özüňi ýeňmek. Öz «meniň» tarapyndan ýeňlişe sezewar edilmek peslikdir we masgaraçylykdyr». Beýleki bir filosof hem aşakdaky sözleri aýdanynda şony göz öňünde tutupdyr: «Daş-töwerekde görýän ähli erbet zatlarymyň öz sypatymyň aýnadaky keşbidigini bilenimde, men juda geň galdym».
Elbert Habbard bolsa şeýle diýýär: «Adamlaryň akyly çatybam, özlerini aldamaga we özleriniň gowşak taraplaryna bahana oýlap tapmaga şunça wagt sarp edýändikleri maňa hemişe geň hem syrly bolup görünýärdi. Eger-de şol sarp edilýän wagt başgaça peýdalanylsa, ol ejiz taraplaryňdan saplanmak üçin ýeterlik bolardy, onsoň hiç hili özüňi aklajak bolmaklyk geregem bolmazdy».
Hoşlaşmak bilen men size ýatlatmak isleýärin: durmuş — küşt tagtasy, garşyňyzda oturan oýunçy bolsa — wagt. Eger siz göçüme aýgyt etmeýän bolsaňyz, tiz göçmeseňiz, siziň mallaryňyz wagt tagtasyndan agdarylyp gider.




@Latifa

Çeşmesi:https://dostluk.ru/
35
162
ainurka_575
28 Aprel 2024
👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.