alma___
24.04.2024 07:51
dowamy

Indi men Begmyradyň bagtyny baglap biljek dàl
- Wah, balajygym!- diýmek-den başga söz tapmadyk ene
biçäre başyny atyp gyzy bilen razylaşdy. Begmyratdyr gaýynlary
bilen düşünişip, razylaşyp òzüniň
barjagyny aýdyp, Aýna ejesi bilen hoşlaşdy. Ene yzyny gözleý-gözleý
öýüne gaýtdy.
Gelin öz öňünde sansyz soraglar goýup, maýyplar arabasynda oturan ýerinde penjireden uzaklary nazarlady. Söwer ýaryna garaşdy.
Işden gelip, gelnini òz elleri bilen naharlan Begmyrat çaýyny öňüne
aldy. Bir käse guýup, Aýna uzatdy.
Aýna assyrynlyk bilen Begmyrada
seredip. gürrüňe başlady.
- Begmyrat, sen meni bagyşla,
men saňa çaga dogrup nesil bagyşlamagyň deregine diňe
azap çekdirýärin. Maňa rugsat ber.
Men ejemiň ýanyna gideýin.
Seniň diýýäniň nåme, Aýnam!? Sen häli gowulaşarsyn.
Çagajyklarymyzam bolar. Sen öňümizde näme baryny näbilýäň?
Onsoňam, Hudaý maňlaýymyza
năme ýazan bolsa, şonam bileje çekeris.

Aýna Begmyradyň sòzüni diňlemedi. Öz diýenini tutdy. Bu meseläni gaýynatadyr gaýynenäniň
öňünde hem goýdy. Maşgala agzalarynyň eden töwellalarydyr
ýalbarmalary ýer almady. Iň soňunda gaýynatasy ogluna:
-Gelniň diýenini et-de, òýlerine
eltip gel. Birneme ýüregi düşüşsin, soń alyp gaýdybereris - diýdi.
Aýna öz öýlerine gelensoň.
azajyk rahatlyk tapdy. Wagt diýeniň göýäki suw akymy. Nurana ýüzli,
perişde sypat, köpüň ýagşysyna-ýamanyna ýarap ýören ejesiniň
maslahatyna eýerip, Aýna oturan ýerinden ýene el işlerini etmáge girişdi. Obada biriniň «ogly
òylenýärmiş, gyzy çykýarmyş» sesini
eşitse, ilkinjileriň biri bolup gelin bukjasyna özüniň eden el işlerinden
serpaý ederdi. Biriniň çagasy bolsa, hökman oňa bir laý eşik tikip
bererdi. Yetimlere, garry ýaşululara
kömek etmek soňabaka oňa endik
bolup galdy. Aýna òz eden işlerine adamlaryň minnetdarlygyndan,
«Taňryýalkasyn» diýen sözlerinden
lezzet alyp ýaşaýardy. Bu lezzet oňa
keselini az-kem bolsa-da ýadyndan çykarmaga kömek edýärdi.
Begmyrat Aýnany alyp gitmek üçin telim gezek gelip, özelenipler ýalbardy. Bolmady. OI
küren obaň Aýna ejekesi boldy galyberdi. Bu obada asyllylykda,
edalylykda, çeperlikde Aýnanyň sylagy, hormaty öňem ýetikdi
welin, soňky alty-ýedi ýylyň içinde özüniň el işleri bilen çarýana ýakym paýlaýan, owadan
kalbynyň mährini paýlaýan bu gelin obadaşlarynyň söýýän aýal doganyna, gynanjyny-şatlygyny
paýlaşyp bilýän ýürekdeş
syrdaşyna, mähriban dostuna
òwrüldi. öne nätjek, kysmata ýazylany şoldur-da, kesel öz
hökümini ýöretdi. «Ejeke aradan çykypdyr» diýen ajy habar oba
adamlaryna juda agyr degdi.

soñy.
25
71
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.