alma___
23.04.2024 18:02
Ejeke... Başda ony
obanyň ýaşlary şeýle
atlandyran bolsalar,
ömrüniň soňky ýedi
ýylynyň dowamynda ähli
obadaşlary hem oňa
şeyle ýüzlenipdiler. Bu at
onuň hakyky adyndanam ýörgünli bolupdy. Kakalary ir aradan çykansoň, çagalarynyň ulujasy
Aýna ejesine her bir işde goltgy berip, onuň ýakyn maslahatçysy kömekçisi bolup ulaldy. Ol çeper
elli ejesinden ýaşlygyndan gaýma gaýamagy, keşde çekmegi. jorap
örmegi. halydyr palas dokamagy.
keçe basmagy, garaz gelin-gyzlara
mahsus el işleriniň ählisini òwrenipdi. Aýna el işini etmekde kem-
kemden kämilleşip, il arasynda
adygyp gidiberdi. Ulugyzlyk döwrünin şeýle ajaýyp günleriniň birinde
gyz òz sòygüsine sataşdy. Muňa-da goňşy oba gelin bolup düşen, ozal
Aýnalar bilen goňşy bolup ýaşaýan Şemşat sebàp boldy. Atasy öýùne
Şemşat gelnejesini getirip, onuň goşlaryny maşyndan düşürip
duran ýigidiň gözleri gelnejesiniň
duldegşir goňşusyna, meýdanda
ýüpden serlen eşikleri ýygnaýan aý
jemally gyza düşdi.
Begmyrat bilen Aynanyň birek-birege kaklyşan nazary olaryń ikisini
hem ýüregine ot saldy. Aýnanyň
gabaklary tizden-tiz göreçleriniň
ùstüni òrtse-de, şojagaz pursat iki sany ýaş juwanyň arasynda ilkinji
garaýyşdan ýüze çykýan söýgini döredipdi. Maşyndan düşüp, ýüwür-
jisine öýe girmegi teklip etmekçi bolup duran Şemşat ýigidiň küýüniň başga ýerdedigini aňdy-da,onuň seredýän tarapyna seretdi.
Duldegşir goňşulary, özünden üç-dört ýaş kiçi Aýnany görüp, bar
zada düşündi, Öz ýanyndan begendi.
Aradan günler geçdi. Begmyrat Şemşat gelnejesi atasy öylerine
gitmekçi bolsa, höwesek maşyna atlanardy. Ol tiz wagtdan öz syryny gelnejesine aytmaga özünde gaýrat
tapdy. Goñşusyna-da, öz ýüwürjlsine-de gòwni ýetýän Şemşat olaryň
arasynda söýgi ýodasyny döredip
goýberiberdi.
Wysala teşne aşyk ýaşlaryň
toýy giňden tutuldy. Yaşlar juda bagtyýardylar. Begmyrat Aý-
nany ýürekden söýýärdi. Aýna gaýynatasy. gaýynenesi, ýùwür-
jidir baldyzlary, umuman, ähli
obadaşlary tarapyndan
uly abraýa, sylaga-
hormata eýe bolupdy.
Bagtyýar pursatlar
şeýle tiz geçýän eken.
Aradan alty ýyla golaý
wagt geçipdi. Yöne
kejir ykbal bulara per-
zentli bolmak bagtyny
bagyşlaýanokdy.
Lukmanlaryn gozegçi-
liginden soň Aýnanyń
böwreginde düýpli
näsazlygyň barlygy
anyklanyldy. Aýna
hassahanada ýatyp
birnäçe gezek bejergi
hem aldy. Emma ýag-
daý gowulanybermäge
derek, kem-kemden
gelni hereketden goýup barýardy.
Gelniň derdi
goşalandy. Lukmanlaryň görkezmesi bilen
ol maýyplaryň arabasyna münmeli boldy. Bir
ýerde oturmaga karary
ýetmeýän, öýüň ody
bilen girip, küli bilen
çykyp ýören gelne bu ýagdaý
juda-juda agyr degdi. Gün-günden
saralyp soldy. Begmyrat perzentsizlikden beter gül ýaly gelniniň düşen ýagdaýndan ýanyp bişdi.
Aýnanyň göwnüni göterjek bolup janserekdi. Oňa günde bir zatlar
sowgat getirerdi. Ol sowgatlar Aýnanyň gòwnüni götermäge derek
ony oda goýýardy.
Aýna bir gün özüni görmäge
gelen ejesiniň ýanynda ejizlänini duýman galdy.
Eje jan! Saňa-da agyr düşjegini bilýän. Yöne kyn bolsa-da, meni bu erden alyp git.

dowamy bar.
35
97
soli
23 Aprel 2024
Dowamyny ýazayyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.