lavinya_
23.04.2024 09:52
Asman neçün beýle zaryn aglaýañ?,
Ne-hä gije diñýäñ, ne gündiz diñýäñ,
Gussalarma gussa goşup hamala,
Daman her bir damjañ gursagma siñýär.

Bulut bilen büräp dursuñ depämiz,
Ýaz ýagşydyr goýar diýdik goýmadyñ,
Ýa-ha seniñ asyl goýma netiñ ýok,
Ýa-da toprak señ suwuñdan doýmady.

Ýuwmakçymyñ ýalan doly zeminiñ,
Kir-kimirli keleplerniñ ählisin,
Aýt, eger-de şeýle bolsa niýetiñ,
Menem goşant goşardym-a ähbetin.

Her bir sözler barar ýaly gursaga,
Peýkam etdim elimdäki galamdan,
Senden bir dogrulyk eşidäýmesem,
Gulagymam poslaşyşypdyr ýalandan.

Dursana eý asman gürleş meñ bilen,
Soraglarym kän ahyry diñleseñ,
Ikimiziñ söhbetimiz özgeler,
Eşitmesin,diñlemesin, bilmesin.

Ah bilýäñ-ä senden başga dostum ýok,
Syryñ berseñ dost diýenleñ aldaýar,
Dyngy bermän ýagyp dursuñ her wagt,
Asman neçün beýle zaryn aglaýañ?!...

Awtor :Baýram BEJIDOW
29
32
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.