awadan
23.04.2024 09:14

ŞAMPUNYÑYZA ŞEKER GARYÑ WE NETİJÄNİ GÖRÜÑ!
Saçyňyzy ýalpyldawuk, goňaksyz we owadan etmek üçin dürli-dürli usullary synap görensiňiz. Bu usullaryň arasyna ýene-de täze bir usul goşuldy. Mundan beýläk ulanylýan şampunyňyza azrak şeker goşsaňyz, saçyňyzyňdaky üýtgeşmäni has gowy duýarsyňyz.

Köpümiz, köplenç, saç stilimize we derimiziň gurluşyna görä şampun saýlaýarys. Käbir adamlaryň saçy ýagly, käbirleriniňki bolsa tersine gury bolýar. Edil ýüzüňizdäki ýaly, ölen deri öýjüklerinden dynmak üçin kelläňize hem wagtal-wagtal gowy süpürgiç gerek bolup durýar. Dermatolog Françeska Fusko şekeriň saç üçin täsinlikleri döredip biljekdigini öňe sürýär. Dr. Fuskonyň pikirine görä, şampuna şeker goşup, saçyňyzy has owadan we sagdyn etmek siziň öz eliňizde. Şampunyňyza takmynan bir çemçe şeker goşup, soňra garyp ýuwaşlyk bilen kelläňize çalmaly. Birnäçe minutdan soň saçyňyzy mylaýym suw bilen ýuwuň. Şeker şampuny bilen bir hatarda saçyňyzy siňdirer we bu görnüşde ýaglylygyň öňüni alar. Şeýlelik-de, şampunyňyzyň saçyňyzy nemlendirýändigine göz ýetirersiňiz. Dermatolog, şeker şampunyny her gün ulanmakdan gaça durup, 4 gezekden 1 ulanmagy maslahat berýär.

Sagdyn kelle sagdyn saç diýmekdir. Sagdyn we owadan saçly bolmak üçin şampuna şeker goşmak, kelläňdäki ýagy arassalamaga we ölen derilerden dynmaga ýardam edýär. Saç ideg önümleriniň (nemlendiriji, kondisioner, saç maskasy ýaly) saçyňyza täsirini artdyrýar. Şeker saçyňyzyň has arassa, sagdyn we çygly görünmegine kömek edýär. Bu usul arkaly saçyňyz isleýşiňiz ýaly gözelligiňiziň bir bölegine öwrüler!
30
74
perijik
25 Aprel 2024
Şuny okap çagalyk dôwrinde şekerli suw bilen saçymyzy doñduryp toÿa gidişimiz ÿada dûşûp gitdi 😄😄😄gidenimizde owadan boldyk diyip monça bolup toyuñ soñuna çykançagam gum bary siñip şekerli saçymyz çalaryp öÿe gelenimiz ÿada dûşûp gitdi 😄👍🏻 şeÿlelik bilen şekerli saç ÿatlama bolup galdy😄😄
perijik
24 Aprel 2024
Gaty gowy maslahat😊😊👍🏻
Tayler
23 Aprel 2024
Barlap görâýsekmikâ🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.