gulshatayewa97
23.04.2024 08:45
Gördüňmi?

Eliňden gidirip arzyly zadyň,
Dünýäň derdi bilen aglap gördüňmi?
Gözden gam inende,
Soralsa halyň
"Aý, gowu-la" diýip aldap gördüňmi?

Gijelerne ýalňyz galyp gördüňmi,
Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyň?
Gülkiňe gussany garyp gördüňmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala?

Gördüňmi, ýodany yzarlap ýüp deý,
Nämedir bir zady küýsän mahalyň?
Awunyp gördüňmi minnetli gepden?
Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyň?

Käte-käte adam gözläp gördüňmi?
Elewräp gördüňmi ýüregiň gysyp?
Uzak menzillere ugrap gördüňmi,
Kiçijik haltaňy arkaňa asyp?

Daňylyp gördüňmi soňsuz soraga,
Jogap tapman, ýüregiňi çişirip?
Garaşyp gördüňmi kimdir birine,
Gije-gündiz garap ýatyp işige?

Bulutdan syrygyp, ýagyş ýaganda,
Gussalaň bar zatdan çykýarmy üstün?
Çyndanam şeýlemi?
Gutlaýan onda
Bir meňzeş ekenik,
Hoş geldiň, dostum!

Aşyr Hanow
29
61
gonk
3 Iýun 2024
Gowy gosgy eken 👍👍👍
bbsb
23 Aprel 2024
Mena hemise allayan "govu" dp😐
okyyjy
23 Aprel 2024
Ýeke däl ekenima😁😁
Tayler
23 Aprel 2024
Hawa🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.