Tayler
22.04.2024 20:53
Geçmişiňem gowusy gaýtalanman, erbedi gaýtalanýan ýaly.
*
Mihail Lermontowyň: “Näme ýazjak? Ähli zat bireýýäm ýazylyp gidipdir ahyryn”
diýeni bäri 170 ýyl töweregi wagt geçipdir. Şonda-da ýazylýar. Diňe Lermontowyň
Watany bolan Russiýada her ýylda 80 müňdemem gowrak kitap çap edilýär.
*
Men Kanuny bozmakdan gorkuşym ýaly Hudaýdanam gorkmaýaryn. Çünki
Hudaýyň, para-peşgeşsizem geçirimlilik, rehimdarlyk etmegine umyt baglamak bolýar.
Kanun welin, diňe puluň güýji bilen rehimdarlyga öwrülýär.
*
Rahat ýaşamaga endik edenimiz sebäpli, gowy ýaşamaga-da ýaltanýarys.
*
Kelle sagat ýaly işleýän bolsa, oňa tow berip durmaly.
*


A.Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap"
34
65
manolya
23 Aprel 2024
@Tayler, 😆
Tayler
23 Aprel 2024
@manolya, bilemsoň aýtdymda😎
manolya
22 Aprel 2024
@Tayler, işleýär tagam 🤷😁
Tayler
22 Aprel 2024
@manolya, işleýân bolsa dp dura işlemese tow berip bolanok😅😅
manolya
22 Aprel 2024
Kellä nädip tow berilýär 🤦🏻😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.