Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany «Dejavu» eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Aşgabatdan çykman, Parižiň özboluşly gurşawyna aralaşmaga taýýarmy? Fransuz aşhanasynyň restorany «Dejavu» paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny eýwanynyň açylyşyna çagyrýar.
«Dejavu» restoranynyň baş aşpezi siziň üçin Fransiýanyň nusgawy tagam taýýarlaýyş usullaryna esaslanýan özboluşly menýu taýýarlady. Restoranyň myhmanlaryna ter möwsümleýin önümlerden taýýarlanan lezzetli tagamlar, hatda iň talapkär gurmanlaryň hem göwnünden turjak gaýtalanmajak çakyrlaryň sanawy garaşýar.
«Dejavu» – bu diňe bir restoran däl, bu aýratyn rahatlyk we myhmansöýerlik höküm sürýän ýerdir. Iň ownuk aýratynlyklaryna çenli göz öňünde tutulan owadan interýer, sypaýy işgärler we özüne çekiji fon aýdym-sazlary dynç almak, tagamly naharlardan lezzet almak we ýakynlaryňyz bilen ýakymly wagt geçirmek üçin amatly şertleri döredýär.
«Dejavu» restoranynyň eýwany binanyň üçünji gatynda ýerleşip, ol ýerden şähere panoramaly görnüş açylýar. Bu ýerde diňe bir lezzetli tagamlary dadyp görmek bilen çäklenmän, eýsem, Aşgabadyň gözelligini synlap bilersiňiz.
Açylyş mynasybetli alypbaryjy Rustam Hojaýewiň çykyşyny we Maýsa Nyýazowanyň janly aýdymlaryny öz içine alýan baýramçylyk maksatnamasy guralar.
«Dejavu» restoranynyň eýwanynyň açylyşy 26-njy aprelde sagat 19:00-da bolar. Giriş öňünden bronlamak esasynda mümkindir.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
salgysy: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
telefonlar: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
sosial ulgamdaky sahypasy.