alma___
22.04.2024 13:40
Bir aýal maşgala ýarawsyzlygy sebäpli dünýäden ötüp, onuň yzynda ogly galýar.Oglanyñ kakasy
basga bir aýala öýlenýär. Oglan òweý
enesiniň elinde terbiyelenmeli bolýar.
Ay-gün geçip, öweý
enede oglana bolan gabanma ýüze
çykyp, ol gün-günden
güýjeyär. Erbet pikir-
lere duwlanan öweý
ene oglanyň janyna
kast etmegi ýüregine
dùwyär.
Günlerin birinde öwey ene
pursatdan peydanyp,
oglanyñ
el aýagyn daňyp, halta salýar. Otlynyn gecer wagtyny gabatlap, ýaşaýan ýeriniň yakynyndaky demir ýoluň üstúnde haltany goýup gaýdýar.
Az salymdan oglanyň taşlanan
ýerine otly golaýlaşyar. Otlynyň sürüjsiniň gözüne demir ýoluň ortarasynda aýal sekili bolan
ak bulut görünýär, Sürüji otlynyň tizligini saklap, Zenan görnüşli buludyň ýanyna baranda, aýal şekilindäki ak bulut gözden ýitýär. Buludyň duran ýerinde bolsa bir halta ýatyr.
Sürüji haltany açyp görse, içinde el-aýagy daňlan oglan bar.
Sürüji oglany halas edýär. Şeýdip, oglan diri galýar. Adamlar otly sürüjisiniň gözüne görnen
, aýalyň şekili bilen gyzyklanýarlar. Sürüjà oglanyň hakyky
ejesiniň suratyny görkezenlerinde, ol ak buludyň suratdaky
aýalyň şekiline örän meňzeş
bolandygyny aýdýar.
Şeýlelikde, adamlar oglany ejesiniň ruhunyň halas edendigine göz ýetirýàrler.

K.Kuwwadow.
31
147
avcd
23 Aprel 2024
Gowy eken
okyyjy
22 Aprel 2024
Eneler jomartdyr, giňdir eneler, Olar kyn pursatyň kömege geler. G. EZIZOW
okyyjy
22 Aprel 2024
Gowy eken
alma___
22 Aprel 2024
@gavi, bilmedim menem bir ýerden okap goýdym.
alma___
22 Aprel 2024
@medik_, salam işliràk boldym sag bol ýatlanyña
gavi
22 Aprel 2024
Cyn bolan wakamyka şu🙂
medik_
22 Aprel 2024
Salam .gowmysynyz, 😊 yitdinizle,☺️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.