Hasyl bolmawersin hemmäň arzuwy,
Onda-da adamlaň ownan mahaly.
Ýamanlaryň gara netinden ýaňa,
Ýere ýeter ýagşy bendäň sakaly.
Menzile ýetmesin ähli niýetler,
Kä künjekde enä ölüm dilener.
Toba-toba, kabul bolsa hemmesi,
Tikenli gül ýaşar, tämiz gül öler.
Goý güllesin, enäň ogla dilegi,
Kabul bolsun ataň ýagşy myrady.
Eger hemme arzuw hasyl bolaýsa,
Ýitäýmegem ahmal, ynsabyň ady.
Hemmäň arzuwynyň hasyl bolmagyn,
Gyssanyp tost aýdaňda-da dileme.
Hemme ýürek ak däl, (şeýle bolsady)
Diläberseň, näme gelse diliňe.
Emma welin Hudaýynam unudyp,
Başarsalar ýykjaklar bar dünýäni.
Goý kabul bolmasyn, hemme niýetler,
Terezimiz abat saklanar ýaly.