Diýýäler söýgüden ýadamadymy
Dünýäde söýgüden başga zadam bar...
Bolmanda käbäňi ýatlamadyňmy
Şon da eziz , şondan mährem kimiň bar?
Diýýäler sen söýgüň sönjegi hakdyr
Bu bolşuna bir gün güljegiň hakdyr
Şol gyz bolmasa-da oljegini hakdyr
Seret şondan başga neneň zatlar bar...
Şol gyz senin alýypdyr aňyňy
Näme ol gyz bu gijäniň aýymy
Ýa bolmanda ýardany taýymy
Onda öňde ýardanyň ALLAň bar
Diýdim söýgüm käbir söýgi mysaly
Niýetim oýun däl ýadarym ýaly
Sadadyr ýöreýän söýümiň ýoly
Sadadyr men söýýän gyzymyň haly...
Owadan görkiniň sönjegi hakdyr
Ýöne welin haýanyn sönjegi ýokdyr
Eger namys haýa sönäýse birden
Belki şonda söýginiň sönjegi hakdyr...
Käbäňi orunda goýmadym ony
Onyň enä bolan söýgüsi söýdüm
ALLANYŇ öňünde goýmadym ony
Onyň ALLA bolan söýgüsini söýdüm..
Owadan görküne baglanmadym men
Ony görmek üçin Şaýlanmadym men
Şol gyzyn ýekeje edebini gördüm,
Edebini söýdüm, sylagyn söýdüm
Namysyn söýdüm, haýasyny söýdüm