Tayler
21.04.2024 20:46
1960-njy ýyllarda Aşgabadyň K. Marks köçesiniň 14-nji jaýynda,birtopar gazýet-
žurnallaryň redaksiýasynyň
ýerleşýän howlusynda,günorta arakesme mahaly woleýbol oýnalýardy. Şonda kimdir biri
topy bat bilen uranda,ony gaýtarmaly oýunça ýüzlenip,terjimeçi Sapa Baýryýew:
“Öňünden gaçaweri,birden şahyr bolaýma!” diýip gygyrýardy. Ol sözleriň “kelläňe top
degse,sähne bolarsyň” diýen manysy bardy.Sebäbi terjimeçiler,žurnalistler prozaçyny
agrasrak,şahyry bolsa kelewräk hasaplaýardylar.
*
Edebiýatçy alym Hanguly Amansähedow, deňinden geçip barýarka, şahyr Nobatguly Rej
ebowyň öýüne sowulýar. Öý eýesi öýde eken.
—Nobat,doganjyk,çakyzam tutdumy-nämemi,kelläm ýarylyp barýar.Ilk-ä,bar
bolsa,bir analgin ataýyn.Yzyndanam,bir çäýnek ajy gök çaý ber.
Analginem tapylýar, ajy gök çaý hem içilýär.Netijede, Hanguly birneme aýňalýar.
—Köp minnetdar,Nobat jan.Adam bolaýdym!
Öý eýesi myhmanynyň ýüzüne agras garaýar.
—“Birneme özüme geldim” diýseň,ynanaýyn.Ýöne sen “Adam boldum” diýseň
welin, Hudaýam ynanmaz, bendesem…

*
1965-nji ýylda “Edebiýat we sungat” gazýetiniň
redaksiýasynda praktika geçýärkäm, bir gezek tankytçy Abdylla Myradow işe gaty keýpsiz gelen
de,sebäbini soradym.
—Aý,gardaş,öýümizde jahan urşy turdy. Harby borçly adam hökmünde şoňa
gatnaşmaly boldum. Ullakan gandöküşlik-hä ýok welin,herhal,jahan urşy-da…
Abdyllanyň aýalynyň ady Jahandy.


A.Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap"
32
182
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.