okyyjy
21.04.2024 12:28
Bagyşla, garagöz, seni söýýärin.
Bagyşla, şu sözi diýmänim üçin.
Garaýşymdan aňdyrsada gözlerim,
Men günäkär dälä duýmanyň üçin.

Söýgi bolup ýagyp ýörün diňmäni,
Oýnap ýörmüň men deý däli düňläni.
Aýdyp bilmän aýdylmaly jümläni,
Bagyşla, jaý wagty dymýanym üçin.

Ýöne welin, unutmagyn bir zady,
Sen - ýaşlygmyň ýykylmajak binýady.
Menem bir gün meşhur borun dünýäde,
Diňe seni, seni söýýänim üçin.

Wagtyň erki aý-gün, dogup-batyp dur.
Umytlaň dowamy - daňlar atyp dur.
Megerem, ýaşaýyş dowam edip dur,
Seni, diňe seni söýýänim üçin.


#awtor: Toýly Öwez
30
76
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.