nur06
21.04.2024 11:45
Klasdaşlarym

Mekdep ojagynda duşan günümiz,
Saÿraÿşy hem üytgeşikdi guşlaryñ.
Entek doly-dogry harpy tanaman,
Bäşlige bäsdeşen klasdaşlarym.

Men sizden öwrendim şatlygyñ bagtyn,
Doldurdyñyz giñ dünyämiñ boşlugyn.
Siz bilen geçipdir iñ hezil wagtym,
Meniñ bagta dönen klasdaşlarym.

Hiç yadymdan çykmaz yaşar ruhumda,
Ilki söygim bilen başlan yaşlygym.
Yatda galmasa-da,okan zatlarym,
Yürekde yer eden klasdaşlarym.

Alan bäşligimiñ baryna derek,
Goysun mugallymlar ölen üçligin.
Yöne birje gezek yza dolanyp,
Yene okasadyk klasdaşlarym.
24
75
perijik
25 Aprel 2024
Iñ bagytly gûnleriñ biri mekdep döwrûmiz 😊👍🏻👍🏻♥️
gulia_maksatmyradowna
21 Aprel 2024
Gyzykly ýatlamam bolanňyz üçin,
Men size minnetdar klasdaşlarym:))
okyyjy
21 Aprel 2024
Bir gapydan on bir ýyllap girişdik, Kä gülüşdik, kä-te göwne degişdik. Ara bäş ýyl salyp ýene görüşdik. Ýene görüşýänçäk klasdaşlarym.
ATOMIC
21 Aprel 2024
Ýatda galmasada okan zatlarym,
Ýürekde ýer eden klasdaşlarym...
👍✨️✨️✨️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.