Imissyou
20.04.2024 22:22
Gijelerime rahat bergin,
Gündizime takat bergin,
Ertir irden oýanamda,
Günüme şatlyk garylsyn,
Başlygym işe gelýärkä,
Ulagnyň tekeri ýarylsyn.
Ýigitler köpüräk öýlensin,
Hemraňky ýaly toý gelsin,
Çuwal-çuwal gülki bergin,
Begenmäne çaga ýaly,
Gürlesemde toýda gürläýin,
Diktor Mergen aga ýaly,
Ýüregmize hruç ber,
Aýalmyza без звук ber,
Ýazylsyn gelse gaharym,
Mugut tapylsyn naharym,
Pul soramasyn goňşular,
Galan zat bilen oňşular,
Baş bugalterimiz ýalňyşypjyk,
Aýlygymyzy ir geçirsin,
Bergidarlam köle ýa derýa,
Bellik depderini gaçyrsyn,
Günortan çaýa gelemde,
Hemme zatlar taýyn bolsun,
Ertir ýolda galsa biri,
Onuňam ady gaýyn bolsun!
🤲🤲🤲🤲🤲🤲🤲🤲🤲🤲
Aýdylan dileglermiz kabul bolsun Allajan, howpdan hatardan bela-beterden Aýal belasyndan gaýyn belasyndan özüň gora jan Allajan.
Omin🤲
28
252
deid
27 Aprel 2024
Eddddddil özi bolupdyr
nurso
24 Aprel 2024
😅😅😅😅😅😅😆😆😆 Meñzeýa edil özi herhili zat tapýañyz
yekeje9
21 Aprel 2024
Çagany ýaşdan heleýi başdan
yekeje9
21 Aprel 2024
Sen aýalyñ ejeñi soyşuñ ýaly soýseñ aýalyñam ejesi yaly sòýse gaýnyny
XL-19
20 Aprel 2024
😑
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.