alma___
20.04.2024 05:52
Ýalan Dünýäde

Näçe köp duşsa-da kalbyn garalan,
Men bolmaýyn diýdim "ýaman" dünýäde.
Haýyr etmez eken hiç bir saýawan,
Gaýgylar depäñden ýagan dünýäde.

Islärdim, ýagşylañ bijesi ýeñsin,
Ýöne ykbal üçin ak - gara deñsiñ,
Güýz ýapragy kimin saralar meñziñ,
Sañada bir şarpyk degen dünýäde.

Bolmaýany üçin dost, duşman tanap,
Ýaşamaly eken bir başyñ çarap,
Gussasyny bol berse-de haltalap,
Bagtdan bir gysmy hem kemen dünýäde.

Güýçli diýp baş egmän, ejizi depmän,
Ýöredim ýolumdan dyzymy epmän,
Utulsam-da bir bolşumy üýtgetmän,
Men bolmaýyn diýdim "ýaman" dünýäde,
Dogry boljak boldum ýalan dünýäde.

awtor: ŞANAZAR HYDYROW
15
23
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.