Tayler
19.04.2024 21:24
Her şahsyň ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde onuň ýaşlykda alan görüm—
göreldesi,terbiýesi esasy rol oýnaýan bolsa gerek. Dünýä belli adamlaryň terjimehalyna ser
salýarsyň welin,şeýle çaklamany tassyklaýan mysala kän gabat gelýärsiň. Rus ýazyjysy
hem diplomaty A. Griboýedow on bir ýaşyndaka iň abraýly okuw jaýy bolan Moskwa
Döwlet uniwersitetine girýär,17 ýaşynda “Ylymlaryň doktory” diýen alymlyk derejesini
almaga taýyn bolýar. Ol uniwersitetiň dil,ýuridik,fizika-matematika fakultetleriniň
tapawutlanan diplomlaryny alýar.Çünki Griboýedow entek oglanjykka B. Ion, I. Bule ýaly
atlary taryha giren şahslardan ýörite sapak alýar.
Üç ýaşly Pýotre(geljekkiPýotr 1-nji) döwrüniň belli alymy Zotow sapak beripdir.
Aleksandr Makedonskä bolsa Elladanyň iň bilimli kişisi,Platonyň şägirdi Aristotel ylym
öwredipdir.
Dogry, özüňde Taňryberen üşük bolmasa, dünýäniň ähli alymlaryndan sapak alsa-
da,üýtgeşik netije çykmazlygy mümkin. Ýöne, ozalam şu ýazgylarymda belleýşim
ýaly, biziň ýaşlykda,tüýs öwrenäýjek pursadymyz “Çärjewden alan gelniň gutly
bolsun,Heşdek baý!”, “Telpek tikseň,tüýi bolsun buýruja”,“ Gara öý gerek
däl”, “Dogramadan doýurmady ýaranlar”, “Jykyr”, “Zähri ýaman,baly gymmat arynyň”
diýen ýaly “çuň manyly” eserleriň derejesinde terbiýe alan neslimizden nämä garaşjak?


A.Tagan
29
60
Tayler
20 Aprel 2024
@gulia_maksatmyradowna, 👍seň ýalňyşyňam köp kişiň dogrusyndan dogry
gulia_maksatmyradowna
20 Aprel 2024
@Tayler, ana menem şeýle düşündim ýazylanlara. Ýöne özümçe ýalňyş düşünýän bolaýmaýyn diýdimdä
Tayler
20 Aprel 2024
@gulia_maksatmyradowna, ýene 100 ýyldanam peýdasy degmejek zatlar bn kellâmizi dollurdylar diýjek bolpdyr öýtýân
gulia_maksatmyradowna
20 Aprel 2024
@Tayler, aslynda düşündim ýöne düşünşime ýalňyşdyr öýtýän
gulia_maksatmyradowna
20 Aprel 2024
@Tayler, ...terbiýe alan neslimizden nämä garaşjak?" Düşünmedim 🤷‍♀️ nähili manyda diýipdirkä muny
gulia_maksatmyradowna
20 Aprel 2024
🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.