AÝAKGAPLARA NÄHİLİ İDEG ETMELİ WE ARASSALAMALY
Könelişen aýakgaplaryňyzy taşlamazdan ozal, maslahatlarymyza eýerip, täze görnüşine getirip bilersiňiz.
Halaýan aýakgabyňyzy wagt we pul ýitirmän 10 minut wagtyňyzy sarp edip has uzak möhletleýin geýmek isleýärsiňizmi? Öýüňizde aňsatlyk bilen döredip boljak birnäçe teklip bilen köwşüňizi aňsatlyk bilen arassalap bilersiňiz.
Diş pastasy
Kanwas matadan tikilen aýakgaplar – diş pastasynyň kömegi bilen aýakgabyňyzdaky yzlary ýuwaşlyk bilen süpüriň we gury mata bilen üstünden geçiň.
Hamyrmaýa
Eger-de, diş pastasy işe ýaramasa, iki nahar çemçesi hamyr maýany gyzgyn suw bilen garmaly. Matanyň kömegi bilen bu garyndyny aýakgabyňyzyň reňklenen ýerlerine sürtüp ulanyp bilersiňiz. Gerek bolsa has köp garyndyny ulanyň. Ýöne ahyrynda arassa gury mata bilen geçiň.
Gap-gaç ýuwujy suwuklyk
Birnäçe damja ýuwujy suwuklygy gyzgyn suw bilen garyp, tegmillere sürtüň we ýüpek hem-de atlasdan başga mata bilen guradyň. Bu amaldan soňra, aýakgabyňyzdaky menekleriň aýrylandygyny görersiňiz.
Aseton
Aýakgap arassalamakda ulanylýan usullaryň ýene-de biri asetondyr. Pagta birnäçe damja aseton damdyryp, tegmile sürtüň we netijäni görüň.
Wazelin
Wazelini aýakgabyňyza çalyň we ony arassa mata bilen süpüriň. Munuň netijesinde köwşüňiz edil täze alnan köwüş ýaly ýalpyldar.
ÇEŞME : TÜRKMENGAZET