Tayler
17.04.2024 19:49
*
“Bagt näme?”,“Bagtlylyk näme?” diýen sowaly nirä barsaňam,gabat
gelen žurnalistden eşidýärsiň.Absolýut bagt bolup bilmez. Bagtyň örüsi —çäksiz. Şonuň
üçinem ol sowala bir ýa-da iki söz bilen jogap bermek mümkin däl.Edil adam
nebsiniň çäksiz bolşy ýaly,bagtyň hem serhedi ýok. Ölüm ýassygynda demini sanap ýatan
adam durmuşda saglykdan gaýry bagt bardyr öýtmeýär. Jübüsi kör köpük pulsuz,garny aç
adam sähelçe pullyny ýa-da saçagy nanly adamyny bagtly hasaplaýar.Ýaşaýyş
basgançagynyň iň aşakysynda duran adam özünden bir basgançak ýokarda duranyň ornuny
bagtlylyk saýýar.
Meniň özüm-a “Bagtlylyk näme?” diýen sowala “Kanagatllyk hem şüküranalyk”
diýip,jogap beresim gelýär. Saglykda iýjegiň,geýjegiň ortaça tapylyp dursa,şol derejäni
bagtlylyk derejesi hasap edýärin. Iň esasy-da ýagdaýyňa baha keseniňde,gara nebis
diýilýän zady bir tarapa süýşürip baha kesmeli.
28
61
Tayler
17 Aprel 2024
@manolya, 👍
jady
17 Aprel 2024
Gaty gowy.👍Bagt - baryña Şükür etmekdir.Janyñ sag uskyn hossarlaryn yanyñda bolsa bagtlylykdyr.Hem seyle soz bar. PUL-adamy bagtly etmez, yone adamy bagtly etjek 99% meselani cozer.👍
manolya
17 Aprel 2024
👏🏻💙
Tayler
17 Aprel 2024
A.Tagan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.