2006
17.04.2024 15:39
Başlyk gülse gülüp, aglasa aglap,
Çyn dost deý kalbyny eýeläp barýaň.
Huşuňda şeýleräk, düýşüňde welin,
Onuň kürsüsinde özüňi görýäň.

Bir iş buýrsa, iki esse edersiň,
Yzynyň üç tonna gybaty bilen.
Dogry ýoldan ýöräp barýansyň öýdüp,
Çapyşýaň şeýtanyň «Gyr aty» bilen.

Öz ýüküň hakynda edeňok pikir,
İliň agyr ýükün, gerdenňe atyp.
Baýyň tabakdaşy bolmak islegi
bilen nyrhsyz günleň barýandyr ötüp.

Sen işiňe ussat, şonuň üçinem,
Saña maýyl şöhrat islän "Horazlar»,
Munda günleň aňsat, emma «bakyda»
Ýok bolmagy ahmal şöhratparazlar.

awtory:Kerim Hallyýew
21
21
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.