okyyjy
17.04.2024 15:00
Bu peşgeş berilen çäklije ömri,
Guwanyp geçiriň, söýüp geçiriň.
Kitüwden-kineden belentde boluň,
Paýhasa-pähime uýup geçiriň.

Özüňi tanamak bolsa näçe kyn,
Il-gün tanar -- oňa ýakyn dur, ýakyn.
Ýaşamaň jahanda ogrygyn-bukyn,
Dünýäň gözelligin duýup geçiriň.

Säher yhlas bilen saýranda guşlar,
Hiç kim diňlemese aglaýarmyşlar.
Undulmasyn dost-ýar, dogan-gardaşlar,
Sarpa saklaň, hormat goýup geçiriň.

Ýagşy bar, ýaman bar -- etmäli inkär,
Bigünä geldiňmi -- gitme günäkär.
Ömrüm, tiz geçseňem, geçmediň bikär --
Är kimin ýaşadym diýip geçiriň.
27
63
manolya
17 Aprel 2024
Söýýän şahyrym )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.