flowers_
17.04.2024 12:49

Aýnaly öý.
Gysga hekaýalar

Kiçiräk bir obanyň gyrasynda
idi-yssywat edilmeýän bir öý bar eken. Bir gezek oňa yssydan goranmak üçin gaçalga gözläp gelen güjüjek howlynyň gapysynyň aşagyndaky deşikden sümülip girýär. Güjükhaýallyk bilen köne basgançak arkaly ýokary çykyp, ýarym açyk duran gapydan içerä äňedýär.

Ol içerde müňlerçe güjügiň mähir bilen özüne ibakyp duranlygyna göz ýetirýär. Güjük guýrugyny bulap, gulaklaryny üşerden-de, müňlerçe

güjüjek hem onuň bilen bu hereketi gaýtalaýarlar. Ol şatlyk bilen olaryň birine bakyp üýren-de, has-da geňirgenipdir.Müňlerçe güjüjeklerem

şatlyk bilen oňa bu mähremligi gaýtarypdyrlar. Güjük dynç alypdyr, onuň bilen birlikde beýlekilerem dynç alypdyrlar. Haçan-da, güjük ol ýerini terk eden-de: “Nähili oňat ýer, bu ýere köpräk gelmeli” diýip pikir edipdir.

Birnäçe wagt geçenden soňra, bu ýere başga bir güjük girýär. Ýöne ol müňlerçe güjügi görüp, eýmenipdir, çünki olar oňa hyrsyz seredipdirler. Güjük hyňranyp başlan-da, müňlerçe güjük oňa hyňranyp ugrapdyr. Güjük

gorkunjyna otagdan gaçyp çykan-da, “Nähili gorkunç ýer eken, gaýdyp dagy-duwara bu ýere gelmesem gerek” diýip, pikir ýöredipdir.




Tutuş dünýäniň ýüzi – aýna ýaly. Biz öz içimizde göterýän ýüzümizi, käwagt öz erkimize garşy durup, şol dünýä görkezýäris. Dünýä bize oňa berýän zadymyzy – hereketlerimizi

we boluşlarymyzy gaýtaryp berýär. Eger-de, dünýäniň bize gülüp bakmagyny isleýän bolsak, onda biziňem güler ýüzümiz bolmaly!



Terjime eden

Ýegenmämmet TAÝLYÝEW.
36
120
manolya
17 Aprel 2024
@flowers_, şükür gowy menem 🤠
flowers_
17 Aprel 2024
@manolya, şükür, gowumy ozun
manolya
17 Aprel 2024
@flowers_, oňatmyň ?
flowers_
17 Aprel 2024
@manolya, 😂👍
flowers_
17 Aprel 2024
@manolya, {*_*}
manolya
17 Aprel 2024
@flowers_, 🙄🙆
manolya
17 Aprel 2024
@flowers_, ( `ิิ,д´ิ)
flowers_
17 Aprel 2024
@manolya, •¿•
manolya
17 Aprel 2024
@flowers_, (*_*)
flowers_
17 Aprel 2024
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.